Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain parlamenti Ýanukowiçi Gaagada sud etmekci


Ukrainanyň parlamenti prezident wezipesinden çetleşdirilen Wiktor Ýanukowiçi we beýlekileri agyr jenaýatçylyklar üçin Gaadaky Halkara jenaýat suduna bermek boýunça ses berişlik geçirdi.

Şol bir wagtda-da sişenbe güni Ukrainanyň parlamenti milli bütewi hökümeti döretmek boýunça ses berişlik geçirmek planlaryny penşenbe gününe çenli yza tesdirdi. Ses berişlik sişenbe güni geçirilmelidi, emma parlamentiň spikeri we ýurduň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Oleksandr Turçynow ses berişligiň yza tesdirilmeginiň maslahatlaşmak üçin wagt berýändigini aýtdy.

Günbatarly diplomatlar Kiýewde Ukrainanyň täze liderleri bilen duşuşyk geçirip, syýasy we ykdysady reformalary geçirmäge çagyrmagy planlaşdyrýarlar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary William Burns sişenbe güni Kiýewe barýar. Şol bir wagtda-da sişenbe güni irden ÝB-niň daşary syýasat boýunça baş wekili Katerin Aşton öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko bilen duşuşdy.

Ýewropa Parlamentiniň Daşary syýasat boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Elmar Brok 25-nji fewralda Strasburgda eden çykyşynda şeýle diýdi: “Halkara jemgyýetçiliginiň puly mydama taýýar. Ýewropanyň maliýe kömeginden daşary ýene-de eger has köp proýektler bolan ýagdaýynda Ýewropanyň maýa goýumlar banky, Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky hem şuňa meňzeş ähli institutlar bar”.

Duşenbe güni ABŞ Ukrainanyň parlamenti tarapyndan çetleşdirilen Wiktor Ýanukowiçiň Ukrainany prezident hökmünde dolandyrmaýandygyny belledi. Ýanukowiçiň nirededigi belli däl.
XS
SM
MD
LG