Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek zenanlary çaga söwdasynda tutuldy


Orsýetiň Sankt Peterburg şäherinde iki özbek zenany ýaňy doglan çagany satmaga synanyşyk bilen baglylykda tussag edildi.

Şäher prokuraturasynyň sişenbe güni aýtmagyna görä, 24 ýaşly Maftuna Ýusupowa we onuň 50 ýaşly ejesi Rohilahon Ýusupowa suddan öň iki aýlyk tussag astyna alynypdyr.

Derňewçileriň aýtmagyna görä, Maftuna Ýusupowa 18-nji fewralda çaga dogrupdyr we ony satmak üçin öz ejesiniň kömegi bilen alyjy tapypdyr. Çaga geçen anna güni öz wezipesini ýaşyran polisiýa ofiserine 80 müň rubla ýagny 2250 amerikan dollaryna satylypdyr. Zenanlar derhal tussag edilipdir.
XS
SM
MD
LG