Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Turçynow baş serkerdebaşy boldy


Ukrainanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Oleksandr Turçynow
Ukrainanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Oleksandr Turçynow
Ukrainanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Oleksandr Turçynowa ýurduň ýaragly güýçleriniň baş serkerdebaşysynyň ygtyýarlyklary hem berildi. Bu baradaky degişli karar çarşenbe güni prezidentiň websahypasynda peýda boldy.

Mundan öň Ukrainanyň içeri işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Arsen Awakow polisiýanyň “Bürgüt” atly ýörite güýçleriniň düzümini dargatdy.

Polisiýanyň düzümine girýän we 5 müňe golaý adamdan ybarat bolan bu ýörite güýçler hökümete garşy üç aý töweregi dowam eden protestlerde demonstrantlara garşy gazaply hüjümlerde aýyplanýar.

Täze hökümet

Şenbe güni Ukrainanyň parlamenti prezident Wiktor Ýanukowiçi wezipesinden çetleşdirenden soň, ýurduň täze liderleri milli birlik hökümetiniň düzmek ugrunda tagalla edýärler.

Täze hökümetiň düzümini çarşenbe güni giçlik Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda yglan etmek göz öňünde tutulýar. Garaşsyzlyk meýdançasy hökümete garşy protestleriň esasy ojaklarynyň biri bolupdy.

Parlamentiň täze hökümetiň düzümi bilen baglylykda penşenbe güni ses berjekdigi aýdylýar.

Günbatar resmileri täze hökümetiň düzülmegi bilen ýurduň çöken ykdysadyýetine zerur bolan maliýe hemaýaty dogrusynda gepleşiklere başlap boljakdygyny aýtdylar.

Şol bir wagtda täze ukrain resmileri ýurduň gündogarynda başlanan seperatistik, ýagny ýurdy bölmäge gönükdirilen çagyryşlaryň garşysyna-da göreşmeli bolýarlar. Bu sebitlerde, esasan hem Krymda, aglaba etniki ruslar ýaşaýar.

Soňky günlerde Krymda Russiýa ygrarly protestler bolup geçdi. Sebitiň paýtagty Simferopolyň we port şäheri Stawropolyň hökümet binalarynda hem rus baýdaklary galdyryldy.

Ruslara ygrarly ýüzlerçe aktiwistler ýurduň täze hökümetine garşy protest geçirdiler. Şol bir wagtda-da Ukrainanyň täze häkimiýetlerini goldaýan krym tatarlary orslaryň seperatistik meýillerine garşy ýöriş gurnadylar.

Çarşenbe güni ruslary goldaýan aktiwistler ýurduň gündogaryndaky Harkow şäherinde hem ýöriş geçirdiler. Regionda şäher geňeşliginiň binasynda Russiýanyň baýdagy hem galgadyldy.

Kreml

Moskwa ukrain häkimiýetlerini entiki ruslaryň hak-hukuklaryny “bozmakda” aýyplady. Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) ýüzlenip, Ukrainanyň günbatarynda möwjeýän “neo-faşistik we milletçilik” diýip atlandyran hereketlerini “berk ýazgarmaga” çagyrdy.

Lawrow sişenbe güni Moskwada ÝHHG-niň baş sekretary Lamberto Zannier bilen geçiren duşuşygynda Ukrainada rus diliniň gadagan edilmegini we “rusça gürleýän ilaty ‘raýatsyzlaryň’ hataryna” goşmak diýip häsiýetlendiren ädimlerini-de ýazgarmagy sorady.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri sişenbe güni eden çykyşynda Ukrainanyň Russiýa bilen Günbataryň arasynda birden-birini saýlamaga mejbur edilmeli däldigini aýtdy.

Kerri: “Bu ýa eýläk, ýä beýläk diýen oýun däl. Bu Günbatar bilen Gündogaryň garşylygy däl. Bu Russiýanyň ýa ABŞ-nyň ýa-da başga bir tarapyň karary däl. Bu Ukrainanyň we öz geljegini özi kesgitlemeli ukrainalylaryň karary” diýdi.

Kerri bu barada Waşingtonda Britaniýanyň daşary işler ministri William Hague bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG