Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýanukowiç özüni prezident hasap edýär


Ukrainanyň prezidenti wezipesinden çetleşdirilen Wiktor Ýanukowiç ukrain halkyna ýazuw görnüşinde eden ýüzlenmesinde özüni ýurduň kanuny taýdan saýlanan prezidenti, diýip hasap edýändigini aýtdy. Şeýle-de Ýanukowiç Orsýet häkimiýetlerinden öz şahsy howpsuzlygyny “ekstremistleriň” hereketlerinden goramagy haýyş edendigini mälim etdi.

Ýanukowiç Orsýetiň täzelikler agentliklerine ýollan maglumatynda Ukrainanyň parlamentiniň kararynyň bikanundygyny aýdyp, Ukrainanyň günorta-gündogar we günorta bölekleri “ministrler meýdandaky üýşmeleňler tarapyndan saýlanýan” ýurtdaky bikanunçylygy kabul etmezler, diýdi.

Ukrainada üç aýa golaý wagtlap dowam eden protestleriň we heläkçilikli çaknyşyklaryň netijesinde Ukrainanyň parlamenti şenbe güni Ýanukowiçi prezident wezipesinden çetleşdirdi.

Orsýetiň media serişdeleri mälim edilmedik çeşmä salgylanmak bilen Orsýetiň öz giňişliginde Ýanukowiçiň şahsy howpsuzlygyny berjaý etmäge razy bolandygyny habar berdiler. Orsýetiň mediasy Ýanukowiçiň Kremliň şypahanasynda ýerleşýändigini habar berdi, emma bu maglumat orsýet resmileri tarapyndan ret edildi.
XS
SM
MD
LG