Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň täze hökümeti düzüldi


Ukrainada geçirilen hökümete garşy protestlere ýolbaşçylyk eden oppozision liderleriň biri Arseniý Ýatsenýuk ýurduň täze premýer-ministri wezipesine tassyklandy.

Penşenbe güni ukrain parlamenti Ýatsenýugyň wezipä bellenmegini biragyzdan makullady. Parlamentde yzýany geçirilen ýene bir ses berişlik arkaly ýurduň hökümetiniň täze düzümi hem tassyklandy.

Arseniý Ýatsenýuk kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda ýurdy ykdysady krizisden çykarmak boýunça halk tarapyndan goldanmaýan ädimlerden saklanmaga çagyrdy. Ol Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa barada ylalaşyga gol çekmäge ündedi, emma, şol bir wagtyň özünde-de, Kiýewiň Moskwa bilen partnýor bolmagy hem isleýändigini aýtdy.

Şeýle-de Ýatsenýuk hökümetiň Ukrainanyň territorial bütewiligini saklajakdygyny aýtdy. Ukrainanyň täze hökümet baştutany Krym “Ukrainanyň bölegi bolup, mundan beýlak hem şeýle bolar” diýdi.
XS
SM
MD
LG