Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awakow: Krymyň aeroportlary “okkupirlendi”


Ukrainanyň täze içeri işler ministri Arsen Awakow Orsýetiň harbylarynyň Krymyň Sewastopol aeroportyny böwetleýändigini, şol bir wagtda-da näbelli ýaragly adamlaryň regionyň paýtagty Simferopolyň aeroportyna gözegçilik edýändigini aýtdy.

Awakow özüniň Facebook sahypasynda “men muny diňe ähli halkara ylalaşyklaryny we kadalaryny bozmak hem-de harby taýdan goşulyşmak we basyp almak, diýip häsiýetlendirip biljek” diýip ýazýar.

Orsýetiň Sewastopolda ýerleşýän Gara deňiz floty aeroportyň basyp alynmagyna ýa gabalmagyna öz harbylarynyň gatnaşygyny ret edýär.

Şol bir wagtyň özünde-de ukrain parlamenti Moskwany Ukrainanyň garaşsyzlygyna zeper ýetirýän islendik hereketlerden saklanmaga ündedi. Şeýle-de parlament ABŞ-ny, Britaniýany we Orsýeti 1994-nji ýylda gol çekilen memoranduma laýyklykda Ukrainanyň territorial bütewiligini saklamaga çagyrdy we BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde krizise garamagy teklip etdi.

Penşenbe güni ýüzi nikaply ýaragly adamlar Simferopolda regional parlamenti we hökümet edarasyny basyp aldylar we Orsýetiň baýdaklaryny dikdiler. Ukraina we Orsýet arasyndaky gatnaşyklar Moskwa tarapdar prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýet başyndan çetleşdirilmeginden soň dartgynlaşdy.

Özüni henizem Ukrainanyň prezidenti hasap edýän Ýanukowiçiň anna güni Orsýetiň Ukraina golaý ýerleşýän günorta regionynda metbugat konferensiýasyny geçirmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG