Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýanukowiç göreşi dowam etdirjegini aýtdy


Wiktor Ýanukowiç özüniň heniz Ukrainanyň kanuny prezidentidigini aýtdy we ýurduň häzirki ýolbaşçylaryny “faşist kellekeserler” diýip atlandyrdy.

Ýanukowiç Orsýetiň günortasynda ýerleşýän Rostow-na-Donu şäherinde geçiren metbugat-konferensiýasynda çykyş edip, bir hepde mundan öň Kiýewi terk edeli bäri ilkinji sapar köpçüligiň öňüne çykdy.

Ýanukowiç öz howpsuzlygyna göni howpyň abanmagy sebäpli Kiýewi terk edendigini aýtdy. “Meni hiç kim agdarmady. Men öz janyma we öz ýakynlaryma göni abanan howpyň astynda Ukrainany terk etmeli bolupdym”, diýip Ýanukowiç aýtdy.

Wiktor Ýanukowiç Ukrainanyň geljegi ugrunda göreşi dowam etdirjekdigini we munuň üçin hiç kimden harby ýardam soramajagyny aýtdy. Ol Ukrainada durnuklylygyň saklanmandygy üçin ukrain halkyndan ötünç sorady we Günbatar döwletlerini Maýdan protestlerini goldamak boýunça jogapkärsizlikde aýyplady.

Şeýle-de Ýanukowiç Orsýetiň prezidenti Putiniň Ukrainadaky krizis barada köplenç dymmagynyň sebäplerine düşünmeýändigini aýtdy. Ýanukowiç daşary ýurtlardaky emlägine we bank hasaplaryna degişli maglumatlary ret etdi.
XS
SM
MD
LG