Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Ukrainada goşun ulanmaga rugsat soraýar


Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin şu gün Moskwada, Federasiýa geňeşiniň adatdan daşary sessiýasynda prezident Wladimir Putiniň adyndan çykyş edip, onuň Geňeşden rus Ýaragly güýçlerini Ukrainada ulanmaga rugsat sorap ýazan ýüzlenmesini okady.

"Ukrainadaky adatdan daşary ýagdaý sebäpli, rus raýatlarynyň we biziň watandaşlarymyzyň, Orsýet federasiýasynyň Ukrainanyň Krym awtonom respublikasynda halkara şertnamasy esasynda ýerleşýän harby güýçleriniň işgärleriniň janyna howp abanýandygy üçin, Orsýet federasiýasynyň Konstitusiýasynyň 1-nji bölüminiň 102-nji maddasynyň «G» bendi esasynda, bu ýurtdaky sosial we syýasy ýagdaý kadalaşýança, Ukrainada Orsýet federasiýasynyň Ýaragly güýçlerini ulanmaklyga Orsýet federasiýasynyň Geňeşiniň rugsat bermegini sorap ýüz tutýaryn.»

Beýanatyň yzynda Orsýetiň prezidenti W.Putiniň golunyň bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG