Pakistanyň paýtagty Yslamabadyň etrap suduna edilen hüjümde azyndan 11 adam öldi, başga-da 20-den gowragy ýaralandy.
Maglumatlarda suduň giňişliginde ok atyşyklaryň we partlamalaryň bolandygy habar berilýär.
“AP” habar gullugynyň ýurduň polisiýa resmisi Nabi Awana salgylanyp berýän maglumatyna görä, ýaragly adamlar kazylaryň otaglarynyň we aklawçylaryň edaralarynyň ýerleşýän territoriýasyna hüjüm edipdirler. Gürrüňi edilýän ýaragly adamlaryň sany barada anyk maglumat berilmeýär. Polisiýa resmisi hüjümde el granatlarynyň hem ulanylandygyny aýdýar.
Yslamabat şäher polisiýasynyň başlygy Sikandar Haýatyň žurnalistlere beren maglumatyna görä, wakada janyndan geçen iki hüjümçi özüni partladypdyr.
Henize çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.
Bu hüjüm Pakistanyň hökümeti “Talyban” hereketine garşy howa zarbalaryny soňa goýýandygyny mälim edenden bir gün soň boldy.

Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!