Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: 30 taýpa ýolbaşçysy alnyp gaçyldy


Owganystanyň resmileri ýurduň gündogarynda 30-dan gowrak tire-taýpa ýolbaşçysynyň “Talyban” hereketiniň söweşijileri diýlip güman edilýänler tarapyndan alnyp gaçylandygyny habar berýärler.

Nangarhar welaýat häkiminiň metbugat wekili Ahmad Zia Abdulzaý ýekşenbe güni beren maglumatynda taýpa ýolbaşçylarynyň üç gün ozal alnyp gaçylandygyny mälim etdi.

Şeýle-de, ol alnyp gaçylanlaryň şu wagta çenli 15-siniň goýberilendigini we beýlekileriň hem boşadylmagy üçin ýurduň polisiýasynyň gepleşikleri geçirýändigini aýtdy.

Abdulzaýyň aýtmagyna görä, “Talyban” söweşijileri diýlip güman edilýänler alyp gaçan taýpa ýolbaşçylaryndan hökümet bilen hyzmatdaşlygyny bes etmegi we garyndaşlaryny ýerli polisiýadaky wezipesinden çekmegi talap edipdirler.

Henize çenli bu wakanyň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady. Ýurduň resmileri hem wakanyň nähili amala aşyrylandygy we taýpa ýolbaşçylarynyň nirededigi barada goşmaça maglumat bermediler.
XS
SM
MD
LG