Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistan: Partlamada dört esger öldi


Pakistanyň demirgazyk-günbatar sebitinde ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde azyndan Pakistanyň dört esgeri öldi.

Maglumatlara görä, uzakdan dolandyrylýan bomba serhet gümrükçileriniň ulag kerweni Hangu şäherinden Kurram etrabyna gidip barýan mahaly partladylypdyr. Gürrüňi edilýän etrap Pakistanyň Owganystan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän ýedi sany tire-taýpa territoriýasynyň biridir. Bu sebitde söweşijiler agdyklyk edýär.

On bir adamyň ýaralanmagyna-da sebäp bolan partlamanyň jogakärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG