Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krym Russiýa goşulmak üçin ses berdi


Ukrainanyň Krym regionynyň parlamenti penşenbe güni Russiýa goşulmak üçin ses berdi. Bu waka Ýewropa Bileleşigi Krymda rus güýçleriniň ýerleşdirilmegine jogap çärelerini maslahatlaşýan mahaly amala aşdy.
Krymyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Temirgaliýew ses berişligiň birazgydan kabul edilendigini we bu mesele barada referendumyň 10 günüň dowamynda geçiriljekdigini aýtdy.
Krymdaky Russiýa tarapdary dolandyryjylar Ukrainanyň täze merkezi hökümeti tarapyndan ykrar edilmändi. Şeýle-de, Ukrainanyň täze dolandyryjylary gürrüňi edilýän territoriýanyň Russiýa tarapdary premýer-ministriniň we parlament sözçüsiniň tussag edilmegi barada tabşyryk beripdi.
Krym aglabasy rus dilinde gürleýän sebit bolup, onda Russiýanyň Gara deňizdäki floty ýerleşýär. Bu aralykda Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Ukrainadaky bu krizis baradaky umumy pozisiýalaryny kesgitlemek üçin maslahat edýärler.
XS
SM
MD
LG