Sepleriň elýeterliligi

"Başyňa iş düşende dost goly uzamasa"


Derwezäniň öňünde duran adam
Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň täze goşgusy.

Herki zadyň öz möwriti gelýändir.
Düşünmeýän ýokdur bu hakykata.
"Şol-a dogry" diýer kimi gepletseň,
Ýaýdanman gol çeker soragly hata.
Deň däl bar kişiniň sabyr käsesi,
Meňzeş möçber gözläp geçmişem dörme.
Birine diýip gör: "Azajyk garaş",
Soň başga bir duşman gözläbem ýörme.
Birine baý döwlet söz beräý ertir,
Ýok, tagapyl etmez, "Şu gün ber!" diýer.
Il-gün üçin ýatan çöpi galdyrmaz,
Öz bähbidi bolsa – "Bejit, ýör!" diýer.
Adam bar ki – razy diňe özünden,
Uly il ýalňyşar, bir şoňky dogry.
Biri zer agtarar, biri şer gözlär,
"Ogryny tutuň!" diýp, gygyrar ogry.
Adam bar ki – garaşjak däl ertire,
Gijesini dik oturyp geçirjek.
Özgäň abraýyna siňek gondurman,
Öz abraýyn kül üstüne gaçyrjak.
Adam bar ki – gödek darar maşgala,
Buz ýaly içerde ýaňlanmaz gülki.
Süýnen güni başyn goýup ýassyga,
Ýalňyzlyk ne bela – düşüner, belki.
...Bäş gün gysga, göýä jyzlanyň ömri,
Yza aýlanmaýar pelegiň çarhy.
Ýer ýüzüniň hazynasyn üýşüräý –
Baryndan gymmatdyr adamyň nyrhy!
***
Başyňa iş düşende
Dost goly uzamasa,
Aryň köýen ýerinde
Doganyň dyzamasa,
Ugraňda uzak ýola
Ene gözýaş dökmese,
Dolanaňda yzyňa
Ýar öňüňden çykmasa,
Alys ýerde il-günüň
Küýsemese didaryň:
Goňşy bilen araňa
Çekseň Hytaý diwaryn,
"Ezizim" diýp ýüzüňden
Näz bilen öpülmese,
Il bir ýana eňende
"Ýör" diýen tapylmasa –
Ölen günüň iliňe
Ýetmez ýaly azaryň,
Çolaja bir ýer tap-da,
Taýynlap goý mazaryň.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG