Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: 14 çaganyň ölümi derňelýär


Günorta Pakistanyň häkimiýetleri, aýdylmagyna görä, Tar çölünde pnewmoniýadan we açlykdan heläk bolan 14 çaganyň ölüminden soň, bu işi derňemegi buýurdylar.

Häkimiýetler ýurduň günorta-gündogaryndaky Sind welaýatynyň gyrak-bujaklarynda ýerleşýän Mithi etrabyndan gelen habarlara reaksiýa bildirýärler.

Ol ýerde açlyk, doýagarna naharlanmazlyk zerarly 100-den gowrak adamyň heläk bolandygy aýdylýar. Sind welaýatynyň baş ministri Syýed Kaim Ali Şah uly saglyk resmilerini, öz işlerine sowuk-sala garandyklary üçin, tussag etmegi buýurdy.

Şah aýdylýan heläkçilikleriň derňew esasynda tassyklanylmalydygyny aýtdy. Baş ministr hökümet hasaplamalarynyň 14 çaganyň ölendigini görkezýändigini, ýöne bu sanyň has-da köp bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG