Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain ministri Orsýete ýüzlenýär


Ukrainanyň iş başyndaky daşary işler ministri Andriý Deşçitsiýa Ukrainanyň Krymdan hiç wagt geçmejegini we Kiýewiň bu krizisi parahatçylykly çözmek üçin elde baryny edýändigini aýtdy.

Deşçitsiýa şenbe güni Kiýewde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş edip, Orsýeti ÝHHG-nyň halkara gözegçileriniň we beýleki ýurtlaryň synçylarynyň, ol ýerdäki ýagdaýa gözegçilik etmekleri üçin, Kryma gelmegine rugsat bermäge çagyrdy.

Şu arada Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwada žurnalistlere Moskwanyň Krymdaky krizisde göni rolunyň ýokdugyny aýtdy.

Şeýle-de ol Kiýewdäki hökümet «garaşsyz däl, gynansak-da, ol radikal milletçilere garaşly» diýdi.

Mundanam başga, Lawrow Kiýewi rus žurnalistleriniň Ukraina barmagyna ýol bermezlikde günäledi.
XS
SM
MD
LG