Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa Moskwa garşy sanksiýa giriziljegini aýtdy


Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius eger Moskwa Ukrainadaky krizisy köşeşdirmek boýunça Günbataryň öňe sürýän tekliplerine pozitiw jogap bermese şu hepdede Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalarynyň girizilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Fransiýanyň radiosynda eden bu çykyşynda Fabius eger Orsýet pozitiw jogap berse ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Moskwa sapar etjegini we sanksiýalaryň tizden-tiz girizilmejegini belledi. Fabius eger-de Orsýet negatiw jogap berse syýahatçylyk bilen bagly çäklendirmeleriň we orsýetlileriň şahsy hasaplaryna degişli sanksiýalaryň şu hepdede girizilip bilinjekdigini duýdurdy.

Fabius Ukrainanyň Krym regionynda ýekşenbe gününe planlaşdyrylan referendumyň kanuna ters gelýändigini we Orsýetiň Krymy öz giňişligine goşmak boýunça hereketleriniň bikanundygyny aýtdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier Estoniýa eden saparynyň dowamynda Baltiýa döwletleriniň NATO agza bolmagy sebäpli şeýle krizisden goraljakdygyna ynam bildirdi.
XS
SM
MD
LG