Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Şwesiýaly žurnalist öldürildi


Swesiýanyň radiosynyň žurnalisti Owganystanyň paýtagty Kabulda atylyp öldürildi. Resmileriň aýtmagyna görä, Nils Horner sişenbe güni gündiz Kabulyň baý etrabynda ýerleşýän Liwan restoranynyň golaýynda kellesine ok atylyp öldürilipdir.

Kabulyň polisiýasynyň metbugat-wekili Haşmatullah Satnkzaý 11-nji martda AÝ/AR-nyň Azat Owganystan Radiosyna beren interwýusynda “Swesiýanyň raýaty we Britaniýanyň pasportyna eýe bolan hem-de Swesiýanyň telewideniýesi üçin işlän žurnalist Kabul şäheriniň onunjy etrabynda näbelli adamlar tarapyndan hüjüme sezewar edildi we keselhanada ýogaldy”, diýip aýtdy.

Swesiýanyň Owganystandaky ilçisiniň “Frans Press” agentligine aýtmagyna görä, Horner Şwesiýanyň hem-de Britaniýanyň raýatydy.

Kabulyň Jenaýat derňew departamentiniň ýolbaşçysy Saýed Gul Agha Haşimi hüjümi amala aşyrmakda güman edilýän iki adamyň tussag edilendigini aýtdy. Hüjümiň sebäpleri derhal mälim edilmedi. “Talyban” hereketiniň metbugat wekili söweşijileriň bu waka gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.

Şwesiýanyň radiosynyň ýerine ýetiriji başlygy Silla Benko esasan Aziýa we Ýakyn Gündogar boýunça iş alyp baran Horneriň radionyň “iň gowy we tejribeli habarçylarynyň biri” bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG