Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Ýaş oglanyň ölümi protest döretdi


Çarşenbe güni müňlerçe adam Stambulda 15 ýaşly oglanyň jaýlanyş çäresine gatnaşdy. Bu oglan geçen ýylyň tomsunda hökümete garşy protestleriň geçirilen wagtynda alan ýaralaryndan ýogaldy. Berkin Elwan çörek satyn almaga barýarka polisiýanyň we protestçileriň arasyndaky çaknyşyklaryň dowamynda ulanylan göz ýaşardýan gazyň zarbasyndan kellesine zeper ýetip, koma düşüpdi we soň özüne gelmändi.

Ýetginjegiň ölümi baradaky maglumat sişenbe güni gije Türkiýäniň ençeme şäherlerinde polisiýanyň we demonstrantlaryň arasynda täze çaknyşyklary döretdi. Çarşenbe güni Ankaranyň polisiýasy müňlerçe protestçini dargatmak üçin göz ýaşardýan gazy we suw pürkýän gurallary ulandy.

“Amnesty International” guramasy çarşenbe güni beýannama ýaýradyp Elwanyň ölüminiň “uzak wagtlap güýç ulanylmagyna ýol berýän Türkiýäniň häkimiýetleri üçin duýduryş” bolmalydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG