Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Ölenleriň sany iki esse köpeldildi


Hytaý şu aýyň başynda ýurduň tunelindäki partlamada ölenleriň sanyny birden üýtgedip, bu barada täze maglumat berdi. Bu maglumatda wakada ölenleriň sanynyň ilki başda berlen maglumatdakydan iki esse köpdügi aýdylýar.
Hytaýyň döwlet “Sinhua” habar gullugynyň penşenbe güni beren maglumatyna görä, 1-nji martda bolan partlamada 31 adam ölüpdir. Gürrüňi edilýän bu partlamada Şansi welaýatyndaky tunelde metanol suwuklygyny daşap barýan ýük ulagy kömüre meňzeş maddany alyp barýan beýleki bir ýük ulagy bilen çaknyşypdy.
Ilki başda berlen maglumatlarda wakada 13 adamyň heläk bolandygy mälim edilipdi. “Sinhua” habar gullugynyň soňky maglumatlaryna görä, partlamadan soň ýitirim bolan dokuz adam barada heniz hem maglumat peýda bolmandyr.
Hytaýyň döwlet habar serişdesinde penşenbe güni berlen adam ýitgileriniň sanynyň ilkibaşda berlen maglumatlardan näme üçin tapawutlanýandygy barada goşmaça maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG