Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fomin: Hünärmenlere öňünden iş taýýarlanmaly


Öň N.Krupskaýa adyndaky dokma fabrigi, Aşgabat, 2014.
Öň N.Krupskaýa adyndaky dokma fabrigi, Aşgabat, 2014.
Türkmenistanda orta hünärli spesialistleriň ýetmezçiliginiň duýulýandygy barada soňky döwürde köp aýdylýar. Ýurduň orta hünärli spesialistleri taýýarlaýan ýörite okuw jaýlary ençeme ýyllap işlemän, diňe soňky ýyllarda dikeldilipdi. Häzirki wagtda Türkmenistanda orta hünärli spesialistleri, resmi maglumatlara görä, 37 çemesi orta hünärmenlik mekdebi taýýarlaýar we üstümizdäki ýylyň dowamynda şeýle mekdeplerde 6 ýarym müň çemesi adam bilim alýar. Bu san ýurtda spesialistlere bolan talaba näderejede laýyk gelýär, şeýle-de orta hünär ugrundan bilim bermegiň nähili aýratynlyklary, ähmiýeti bar? Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň we Orsýetiň bilim pudaklarynda dürli wezipelerde işlän pedagog Anatoliý Fomin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Orta hünärmenlik okuw jaýlary bilim sistemasynda nähili rol oýnaýar?

Anatoliý Fomin: Orta tehniki professional bilim hünärli işçileri taýýarlamak üçin iňňän wajyp. Emma, gynansak-da, Sowet Soýuzy dargansoň öňki sowet respublikalarynyň ählisinde diýen ýaly, şol sanda Türkmenistanda-da orta hünär ugrundan berilýän bilim pese gaçdy. Diňe bir Aşgabadyň özünde 40-dan gowrak orta hünärmenlik okuw jaýy bardy. Olar dürli pudaklar üçin spesialistleri taýýarlamakda ägirt uly rol oýnaýardy.

Azatlyk Radiosy: Nähili hünärlerden bilim berilýärdi?

Anatoliý Fomin: Gurluşyk üçin gurluşykçylar taýýarlanýardy, slesarlar, tokarlar, nebit-gaz pudagy, dokma senagaty üçin spesialistler orta hünärmenlik okuw jaýlarynda taýýarlanýardy. Ýene köp ugurlar boýunça spesialistler orta professional okuw jaýlarynda başlangyç hünärmen derejesine eýe bolýardylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda şeýle okuw jaýlarynyň sanynyň bary-ýogy 30 töweregi bolmagy gaty az. Ýöne, şonda-da, olaryň dikeldilmeginiň özi-de gowy öňegidişlik. Orta hünärmenlik okuw jaýlarynyň islendik ugurdan uly roly bar. Olar medisina we bilim ýaly pudaklar üçin işgär taýýarlamak bilen bilelikde geljekki intelligensiýanyň döremegine hem şert döredýär.

Azatlyk Radiosy: Anatoliý Petrowiç, Türkmenistanda orta-professional bilimi berýän okuw jaýlaryny tamamlanlaryň iş bilen üpjünçiligi sowet döwründe nähilidi?

Anatoliý Fomin: 100% diýse-de boljak. Şeýle okuw jaýlaryny gutaranlaryň ählisini işe ýollap, ýerleşdirýärdiler. Serediň, reňkçi, suwakçy, agaç ussasy ýaly mydama isleg bildirilýän hünärli adamlar fabriklerde, önümçilikde, gurluşykda işläp başlaýardylar. Buhgalter-hasapçylar, şepagat uýalary ýaly uly islege eýe bolan kärler hem orta hünärmenlik mekdeplerinde taýýarlanylýardy.

Azatlyk Radiosy: 2013-2014-nji okuw ýylyna degişli berlen resmi maglumatlarda Türkmenistanyň orta hünärmenlik okuw jaýlaryna 6 ýarym müň çemesi adamyň alynjakdygy, şol bir wagtda-da okuwa girmek üçin 13 müňden gowrak adamyň dokument tabşyrandygy aýdylypdy. Bu sanlar nämeden habar berýär?

Anatoliý Fomin: Bu sanlar adamlaryň işlemek isleýändigini görkezýär. Iş ýok. Orta hünärmenlik mekdeplerine girmek bilen bolsa işiň boljagyna umyt baglanýar. Sebäbi ýokary bilimden tapawutlylykda orta-professional bilim, adatça, ykdysadyýetiň orta hünärli spesialistlere bolan islegine görä berilýär we soňra ol hünärmenleriň iş bilen üpjünçiligi göz öňünde tutulýar.

Emma meseläniň başga-da bir tarapy bar. Ýagny, taýýarlanylýan spesialistleriň sany, adatça, olara bolan zerurlygyň möçberi bilen kesgitlenýär. Şeýlelikde Türkmenistanda orta hünärmenlik okuw jaýlaryna, adamlaryň bilim almak islegine görä, az adamyň alynmagy spesialistleriň köp bolmagyna zerurlygyň ýokdugyny, ýagny işe ýerleşdirilip bilinjek möçberde okuwa alynýandygyny aňladyp biler.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda hususy orta professional mekdepleriň döremegi talaba laýyk bolarmydy? Siz bu barada nähili pikirde?

Anatoliý Fomin: Eger orta hünärli spesialistleri taýýarlamaga gyzyklanma bildirýän guramalar bar bolsa bu gowy zat. Adatça, hususy mekdepleri islendik adam açyp bilmeýär. Şeýle mekdepler iri kärhanalaryň özlerine işgär taýýarlamagy üçin açylýar. Olar ýaşlara özlerine gerek ugurlardan bilim berýärler we iş hödürleýär. Meselem, gurluşygy alyp görsek, iri gurluşyk kärhanasy özi üçin daş ussalaryny, agaç ussalaryny we başga hünärmenleri taýýarlamak bilen bilimli, işini oňarýan ukyply taýýar işgär edinýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly ýaşlaryň köpüsiniň bilim alýan ýurtlary hasaplanýan Belarusyň we Ukrainanyň resmileri öz çykyşlarynda türkmenistanlylara ýokary bilim bilen bir hatarda orta-professional bilim almak üçin hem mümkinçilik döretmek niýetlerini mälim etdiler. Daşary ýurtlarda orta professional hünär edinmek näderejede amatly we şu günki tejribeler nähili?

Anatoliý Fomin: Meniň bilşime görä, daşary ýurtlarda orta professional bilimi alýan türkmenistanlylar gaty az. Olar daşary ýurtlara, esasan, ýokary bilim almak üçin gidýärler. Bu ugurdan Belarus öňe saýlanýar. Bu ýurtda tutuşlygyna diýen ýaly türkmenleriň köplük bolup okaýan ýokary okuw jaýlary hem bar. Belarusda bilim almagyň meşhurlygy bu ýurtda kese ýerli adamlara başga ýurtlardakydan has gowy garalýandygy bilen bagly bolmagy mümkin.

XS
SM
MD
LG