Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel Russiýa duýduryş berdi


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Russiýanyň Ukrainanyň Krym sebitinde alyp barýan çäreleriniň Moskwa üçin “köpçülikleýin” syýasy we ykdysady netijeleriniň bolup biljekdigini duýdurdy.
Merkel penşenbe güni Germaniýanyň kanunçykaryjylaryna ýüzlenip, “Russiýa soňky hepdeleriň dowamyndaky hereketlerini dowam etdirse, onda munuň diňe bir Ukraina üçin heläkçilikli gutarman, eýsem, ÝB-niň Russiýa bilen gatnaşyklaryna hem täsir ýetirjekdigini” aýtdy.
Krym sebiti rus güýçleri tarapyndan gabalypdy. Krymda ýekşenbe güni geçirilmegi planlaşdyrylýan referendum ýarymadanyň Russiýa tarapyndan aneksiýa, ýagny bir sebitiň zor bilen öz territoriýasyna goşulmagy diýlip görnüp bilner.
Merkel Ukrainanyň territoriýasynyň bütewiliginiň meselesi dogrusynda “hiç hili gürrüňleriň bolup bilmejekdigini” aýdyp, Russiýanyň Krym sebitine öz goşunyny ýerleşdirmegi halkara kanunlarynyň aýdyň bozulmasydyr diýdi.
Şeýle-de, Merkel Ýewropa Bileleşigi Moskwa garşy sanksiýalary girizmäge taýýarlyk görýär diýdi. Ol “eger-de Russiýa netije berjek gepleşiklerden ýüz öwürse” onda gürrüňi edilýän sanksiýalaryň giriziljekdigini sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG