Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malaýziýa: Uçaryň gözlegi dowam edýär


Malaýziýanyň premýer-ministri Najib Razak şenbe güni ýiten uçar bilen bagly wakanyň bilkastdan edilen iş bolup görünýändigini we kimdir birleriniň ony Malaýziýa ýolundan yzyna öwrüp, günbatara tarap dolandygyny aýtdy.

«Roýter» habar gullugy, radar maglumatlary esasynda, bu uçaryň bilkastdan öz barýan ýolundan sowlup, günbatara ugur alandygyny aýdýan çeşmelere salgylanýar.

Bir hepdä golaý mundan öň ýiten uçaryň gözleginiň dowam edýändigi aýdylýar, emma Malaýziýa Birleşen Ştatlaryň üsti 239 ýolagçyly uçaryň ýitirim bolandan soň hem dört sagat uçandygy baradaky habaryna düşündiriş bermeýär.

Malaýziýanyň Raýat awiasiýa häkimiýeti uçaryň ýerleşýän ýerini hemra maglumatlary arkaly kesgitlemek üçin amerikan derňewçileri bilen hem işleşýändiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG