Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Ukrainanyň toprak bitewiligini goldaýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň şenbe güni Ukrainanyň toprak bitewiligini saklamak baradaky rezolýusiýany sese goýmagyna garaşylýar.

BMG-niň howandarlygynda taýýarlanan taslama ýekşenbe güni Ukrainanyň Krym sebitiniň bölünmek we Orsýete goşulmak ähtimallygy barada geçiriljek referendumyň «ýuridiki güýjüniň bolmajakdygyny» öňe sürýär.

Taslamanyň tarapdarlary Orsýetiň bu rezolýusiýa weto goýjagyndan habarly. Emma Birleşen Ştatlaryň ilçisi Samanta Power bu çäräniň, «eger parahat däl ýoldan gitmegi dowam etdirse, Orsýetiň izolýasiýasynyň nä derejede boljagyny» görkezmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Rezolýusiýanyň tarapdarlary geňeş agzalarynyň 15-sinden 13-siniň «hawa» diýip ses bermegine bil baglaýarlar. Orsýetiň ýakyn ýarany Hytaý saklanar öýdülýär.

Anna güni Londonda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda alty sagat dowam eden gepleşik referendumy yza süýşürmegiň hötdesinden gelmedi.
XS
SM
MD
LG