Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýiten uçaryň gözlegine 25 ýurt goşuldy


Malaýziýanyň häkimiýetleri indi ýiten uçaryň gözlegine 25 ýurduň goşulandygyny aýdýarlar.

Malaýziýanyň Howa ýollarynyň üsti 239 ýolagçyly uçary bir hepde gowrak ozal ýitirim boldy.

Resmiler ýekşenbe güni žurnalistlere hökümetiň Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Pakistan, Hindistan, Hytaý, Fransiýa, Birleşen Ştatlar ýaly ýurtlardan hem kömek sorandygyny aýtdy.

Şeýle-de resmiler ýolagçylaryň we uçar ekipažynyň, şeýle-de «Boeing 777» uçary bilen ilteşikli bolan aýeroport işgärleriniň şahsyýetleriniň barlanylýandygyny, terjimehallarynyň öwrenilýändigini aýtdylar.

Polisiýa uçaryň pilotlarynyň ikisiniň öýüni barlady. Malaýziýanyň premýer-ministri bu uçaryň öz barýan ýolundan bilkastdan başga ýana öwrülendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG