Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstraliýa ýitirim bolan uçary gözleýär


Awstraliýa Malaziýanyň ýitirim bolan uçaryny Hindi okeanynyň giňişliginde gözlemegi öz üstüne aldy. Premýer-ministr Taby Abbott Awstraliýa Malaziýanyň haýyş edýän territoriýalarynda öz gözegçiligini giňeldýär diýdi.
Malaziýanyň howaýollaryna degişli uçar 239 adam bilen 8-nji martda ýitirim bolupdy.
Häzirki wagt derňewçiler deliller uçaryň esasy signalizasiýa enjamlary bilkastlaýyn öçürilen soň, howa gämisiniň ugrunyň ýörite sowdurylandygyny görkezýär diýýärler. Şeýle-de, olar uçaryň radar gözegçilik enjamyndan ýitirim bolandan soň hem ýedi sagat uçandygyny aýdýarlar.
Derňewçileriň sözlerine görä, uçaryň kabinasyndan gelen soňky sözler howa gämisiniň signalizasiýa enjamlary öçürilenden soň eşidilipdir.
Dünýäniň ýigrimi alty ýurdundan ýitirim bolan uçary iki territoriýada gözlemeklik soraldy. Bu territoriýalar demirgazykda Taýlanddan başlap Gazagystana we Türkmenistana, günortada Hindi okeanyndan başlap Awstraliýa çenli aralygy öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG