Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG saýlaw zorlugyny duýdurýar


BMG-niň Owganystandaky wekili 5-nji aprelde boljak prezident saýlawlarynyň öňünden saýlawa dahylly zorluklaryň köpelýändigini aýdýar.

Ýan Kubis duşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde bu ýyl saýlawa dahylly zorluklaryň Owganystanda 2009-2010-njy ýyllarda bolan saýlawlar mahalyndakydan azdygyny aýtdy.

Emma ol bu hili zorluklaryň golaýda köpelip başlandygyny habar berdi. Kubis «Talybanyň» terror hüjümlerini ýygjamlandyryp, saýlaw prosesini bulaşdyrmak barada atan haýbatyndan çynlakaý alada galandygyny aýtdy.

Ol owgan saýlawçylaryny bozgaklara we terrorçylara özlerini ýoldan sowmaga ýol bermezlige, geljeklerini goramaga çagyrdy.

Gelýän saýlawda prezident Hamid Karzaýyň ýerine dokuz kandidat bäsleşer.
XS
SM
MD
LG