Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýete ýarag satmazlyga çagyrylýar


Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki Fransiýanyň harby gämisi.
Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki Fransiýanyň harby gämisi.
Goranyş ulgamlary boýunça synçy Tomas Ýermalawiçius, Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girýän döwletleri Orsýete ýarag satmazlyga çagyrýar. Ol munuň üçin “ÝB-niň syny” atly uly göwrümli iş ýazýar. Azatlyk Radiosy bu ýagdaýa içgin syn edip, görnükli synçy bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girýän döwletler Orsýete nähili ýaraglary satýarlar?

Jermalawiçius: “Görnetin bir hakykat bar, ýagny ýewropalylar Orsýetiň hüjüm kuwwatlylygyny aşa güýçlendirip biljek üýtgeşik ýarag satyp baranoklar. ÝB-niň Orsýete satýan ýaraglaryny biz “goşundylar” diýip atlandyryp bileris.

Goşunyň manýowryny kämilleşdirýän goşundylar, goşun güýjüni proýektirleýän goşundylar, şeýle-de ýaragly güýçleriň “tabşyryk-tabynlyk” mehanizmini kämilleşdirýän goşundylar...

Bulara mysal hökmünde Fransiýanyň, Orsýetiň Deňiz goşunlary üçin gurýan “Mistral” hüjüm gämisi barada gürrüň edip bileris. Häzirki wagtda iki sany gämi gurulýär, soňra ýene-de ikisi gurlar.

Ýene bir mysal hökmünde nemesleriň Orsýet üçin işläp düzen modelirleýiş ulgamy barada gürrüň edip bileris. Bu ulgamy ulanyp, harbylar biragadalardaky “tabşyryk-tabynlyk” mehanizmini kämilleşdirýärler.

Şeýle-de bu ulgam [harby] bölümleriň başarnyklaryna-da oňyn täsir edýär. Diýmek, häzirki wagtda köp sanly taslama bar. Bu taslamalar rus goşunynyň öz-özüni döwrebaplaşdyrmagyna we kuwwatlylygyny artdyrmagyna ýardam berýär.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin siz Krym krizisi sebäpli ÝB-niň Orsýet bilen harby gatnaşyklaryny togtatmaly diýen netijä geldiňiz?

Jermalawiçius: “Sebäbi Orsýet öz bähbidi üçin halkara kanunçylygyna garşy gidýär we goşunyny harby maksatlary amala aşyrmak üiçn ulanýar. Bu ýagdaý bolsa regionda durnuksyzlyga we çaknyşyklara sebäp bolar.

Ýagdaý şeýle bolansoň, biz nädip Russiýa Federasiýasynyň harby goşunyny kuwwatlandyrmak ugrunda iş alyp baraly! Meniň düşünişim boýunça, ozallar ýewropalylar Orsýete hyzmatdaş hökmünde garardy. Ýöne, meniň pikirimçe, biz mundan beýläk Orsýete “hyzmatdaş” hökmünde garamagy bes etmeli.

NATO we ÝB harby we howpsuzlyk ulgamlarynda Orsýete “ýaran” hökmünde garamagyny bes etmeli. Orsýet hiç kim bilen oňşanok. Oňşuksyzlara kömek edip, olary sylaglamaly däl. Biz Hytaýa-da ýarag we harby tehinka satamzok. Ýewropa Bileleşigi Hytaý bilen “ýarag söwdasyna” embargo girizdi.

Şol embargony güýçlendirmek barada gürrüňler edilýärdi. Ýöne Hytaý goňşularna azar berenok. Ol özüniň goňşuçylygyndaky hiç bir döwleti basyp almady. Ýöne şonda-da biz Hytaýa hiç hili harby tehnika satamzok. Sebäbi biz bu ýurda öz geopolitiki garşydaşymyz hökmünde garaýarys.

Şol bir wagtyň özünde biz Hytaýa Birleşen Ştatlaryň hem garşydaşy hökmünde garaýarys. Amerika biziň iň esasy trans-atlantiki hyzmatdaşymyz. Şonda-da biz Orsýete harby tehnika satýarys we bu ýagdaý düýbünden logika gabat gelenok.

Azatlyk Radiosy: Orsýet bilen harby şertnamalary bolan ýewropa döwletleriniň öz ykdysady bähbitlerinden geçip, olaryň orslar bilen hyzmatdaşlygyny duruzmaklaryny umyt etmek näderejede hakykata ýakyn?

Jermalawiçius: “Diňe harby şertnamalar barada däl, eýse söwda gatnaşyklary barada-da meniň şübhelerim bar. Ýagny, Orsýetde maýa goýumyny amala aşyrýan, Orsýet bilen söwda hyzmatdaşlyklaryny ýola goýan köp sanly toparlar bar.

Harby gatnaşyklaryň gürrüňinem edemok. Sebäbi söwda gatnaşyklaryna böwet boljak maliýe sanksiýalaryny girizmek kyn bolar. Käbir liderlerden hyzmatdaşlyklary doňdurmak barada signallar gelip başlady. Bu gowy. Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland ýaňy-ýakynda käbir sanksiýalar barada gürrüň etdi.

Eger bu amala aşyrylsa, harby hyzmatdaşlyklaryň hem duruzylmagy barada ädim ädiler diýip pikir edýärin. Iň bolmanda harby hyzmatdaşlyklar wagtlaýynça doňdurylar. Ýöne her niçik hem bolsa men ýagdaýa optimistiki garamok.

Häzirki ýagdaýlara seredip we ýagdaýlaryň ugruna syn edip, men Ýewropanyň harby senagatyna pul zerurdyr diýip pikir edýärin. Ýewropanyň harby senagatyna şertnama gerek, nagt pul gerek...

Ýewropa müşderileri ÝB-niň harby senagatyny zerur zatlar bilen üpjin edip bilenok. Sebäbi olaryň hem goranyş býujeti pese gaçýar. Şonuň üçinem ÝB daşardan özüne müşderi gözleýär. Ynha, Orsýet bolsa Ýewropa üçin gowy müşderi.

Azatlyk Radiosy: Eger-de harby hyzmatdaşlyk togtadylsa, bu Orsýetiň harby kuwwatlylygyna näderejede täsir eder?

Jermalawiçius: “Orsýet özüniň ýaragly güýçlerini döwrebaplaşdyrmaga gönükýär. Olaryň şöhratparazlyga ýugrulan we köp mukdarda maliýe serişdelerini talap edýän maksatnamalary bar.

Elbetde, Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ýagdaýy häzir o diýen öwerlik däl. Nebitiň bahasy pese gaçaýsa dagy, bu ýagdaý ýurduň federal gaznasyna uly täsir eder.

Şonuň üçin harby ulgamy tutuşlygyna döwrebaplaşdyrmak prosesi sorag astynda galar. Ýöne biz bir zady göz öňüne getirip görmeli, ýagny dürli harby tilsimatlary Orsýete bermek bilen hem-de harby we tehniki hyzmatdaşlygy dowam etmek bilen, biz Orsýetiň diňe bir harby kuwwatlylygyny artdyrmaýarys, eýsem olara nämäni nädip ýasamalydygyny hem öwretdigimiz bolýar.

Mistral gämileri muňa mysal bolup biler. Eger-de şol gämiler ýasalyp, Orsýete berilse, onda Orsýetiň gämiçilik senagaty görlüp-eşidilmedik derejede öser. Orsýetiň gämiçilik pudagynyň şeýle çylşyrymly gurluşlaryň we uly göwrümli taslamalaryň üstünde işlemek ukyby ýok.

Eger-de agzalýan gämiler Orsýete berilmese, onda olar gämilerimiziň nädip ýasalyşyny bilmezler. Netijede Orsýetiň öz ýaragly güýçlerini döwrebaplaşdyrmak programmalary haýallar.

Azatlyk Radiosy: Ýarag söwdasyny duruzmak teklibini öňe sürmek bilen siz näme diýmekçi bolýarsyňyz?

Jermalawiçius: “Meniň pikirimçe, häzirki [Orsýetiňki] ýaly hereket edýän bir döwletiň harby kuwwatynyň artmagyna goşant goşmaklyk ahlak taýdan hem dogry däl.

Bu adam hukuklaryna-da dogry gelmeýär. Içeri syýasata-da, daşary syýasata-da gabat gelmeýär. Olaryň harby kuwwatlylygyna ýardam bermeklik asla ahlak taýdan hem nädogry, strategiki jähtden hem şowakörlük we pähimsizlik bolar”.

XS
SM
MD
LG