Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan: “Gadagançylygy gadagan ederis”


Türkiýäniň saýlaw resmileri milli simwollary betniýetli ulanany üçin ýurduň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň partiýasynyň ýerli saýlaw kampaniýasy üçin niýetlenen wideosyny böwetlediler. Ýöne premýer-ministr saýlaw resmileriniň bu çykaran kararyna garşy aýak direjekdigini aýdýar.
Türkiýäniň Ýokary saýlaw komissiýasy 1 minut dowam edýän wideoda türk baýdagynyň ulanylmagy 30-njy martda geçiriljek häkimlik saýlawlary üçin alnyp barylýan kampaniýanyň düzgünlerini bozdy diýdi.
Şeýle-de, gürrüňi edilýän wideoda doga-dileg edýän adam hem görkezilýär. Syýasy kampaniýalarda ýurduň baýdagynyň we dini simwollaryň görkezilmegi Türkiýäniň kanuny tarapyndan gadagan edilýär.
Muňa garamazdan, türk metbugatyna salgylanyp berilýän maglumatlarda Erdogan: “Onda biz bu kanuny gadagan ederis. Biz gadagançylygy gadagan ederis” diýdi.
XS
SM
MD
LG