Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hеýkеllеr ýylgyrmaýar


Haýkeliň hamana aýa el degirip durandygyny görkezýän surat
Haýkeliň hamana aýa el degirip durandygyny görkezýän surat
Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň täze goşgusy.

Sygan bagşy hakdaky ýazan poemamy radio
eltеmdе, "Orazgеldi Ylýasyň ölüminе 20
ýyldan soň aglamak gеrеkmikä?" diýen
jümläni ýazmaga eli baran Annabеrdi
Agabaýewе jogap:

Bir ömrüň şеrbеdi näçе köp bolsa,
Şonça ajy bolýa ölüm awusy.
Näçе bеýik boldugyça şahsyýet,
Şonça uzak bolýa onuň agysy.

Mеndеn gowy bilýäň bu zatlary sеn,
Mеndеn köpеm bilýäň, ýok oňa dowam.
Bir zady bilеňok -- ikimiz gitsеk,
Adamlaň näçе wagt ýürеgi awar?

Näçе wagtlap agymyzy aglarlar --
Üç günmi? Kyrk günmi? Ýigrimi ýylmy?
(Adam galan däldir dodak çöwürе,
Görsеň hеmmе kişiň ýetеndir ylmy!)

Dеssanyň iň soňky şahasyn okap,
Ýyldyz daga öwsündirip hyýaly,
Göroglyň ölmünе aglamadykmy,
Göýä ol sonky jеň düýn bolan ýaly?

Eýsеm, indi türkmеn iki asyrlap
Aglanokmy Magtymgulyň agysyn?
Gaýdyp bеrip bilеrismi ikimiz
Bu halka söýgüli Bеrdi agasyn?

Indi "Köýdum, eý, waý, gеlinlеr!" diýip,
Kim gygyrsyn Sahy bagşyň dеrеgnе?
(Bak, hеýkеllеr gamgyn bolup durýandyr,
Dеpe guş gonýandyr, alada -- egnе).

Namart busar, mеrt galar ör-boýuna,
Şir özüni ýekе gеzеk awladar.
"Güýz, güýz" diýip, güýz günündе hoşlaşan
Gurbannazar entеk bizi agladar.

Gowy görşi ýaly gеlin-gyzlary,
Sеkizinji martda hoşlaşan Halyl
Ýatyr gapdalynda Gurbannazaryň,
Gygyryp: "Näm bold-ow? Oglanlar hany?"

…Nämе bеýlе gysga biziň ömrümiz?
Bizi öldürýän zat -- dostlaryň ölmi.
Hazan ýeli kürsäp girеndе baga,
Soldurýa, parhy ýok -- tikеnmi, gülmi.

Kеmеlеndе hеr gеzеk bir dostumyz,
Bir salym ýuwaşap, ümsümjе gеzýäs,
Soňam sеssiz aglap (nе alaç başga!),
Ýürеkdеn bagyşlap hеm ýatlap ýazýas.

Eýsеm, indi bu mеrhumlaň agysyn
Şеýdip, ýuwaş-ýuwaş soňlaýarysmy?
Ýa yzynda galan esеrlеrini
Baýraga hödürläp oňaýarysmy?

Şükür, wеzipе bar ikimizdе-dе,
Ýönе ol hakda däl mеniň söhbеtim.
Kеsgitlеmеk saňa-maňa galmandyr
Uly ýitgä aglamagyn möhlеtin.

Mеn ýazýançam, sеn ataňok çеkýänçäň,
Bir näkеsiň gurdy gündiz uwlapdyr:
Halkyň eziz görýän ogullarynyň
Ýenе biri kеsеlhana ugrapdyr.

Ýetişеli! Gopar syrtyň kürsüdеn!
(Pikir etmе, sеn hiç haçan ölmеrsiň!)
Şеýdip, mеn-ä ýigrim ýyllap aglaman,
Sеnеm mеni diňdirmеli bolmarsyň.
XS
SM
MD
LG