Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Ok atyşykda dokuz adam öldi


Owganystanyň paýtagty Kabuldaky gymmatbaha Serena myhmanhanasynda bolan ok atyşykda parahat ilatdan azyndan dokuz adam, şol sanda dört aýal we iki çaga öldi.
Heläk bolanlaryň arasynda dört daşary ýurtly, ýagny Kanadanyň, Täze Zelandiýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň raýatlary bar.
Fransiýanyň “AFP” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, gürrüňi edilýän gullugyň Kabuldaky habarçysy Sardar Ahmad, onuň aýaly we üç çagasynyň ikisi heläk bolupdyr.
Bu wakada ýaragly dört adamyň ählisi owgan howpsuzlyk güýçleri bilen bolan ok atyşykda öldürildi.
Güýçli goraglar bilen berkidilen Serena myhmanhanasy Birleşen Milletler Guramasynyň işgärleri tarapyndan ulanylýar we ýakynda ol söweşijiler tarapyndan nyşana alnypdy.
Owganystanda 5-nji aprelde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryny bulaşdyrmaga wada beren “Talyban” hereketi bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG