Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Maýdanda ýitenleriň gussasy höküm sürýär


 ýewromaýdan, Garaşsyzlyk skweri, güller, Kiýew, 7-nji mart, 2014 ý.
ýewromaýdan, Garaşsyzlyk skweri, güller, Kiýew, 7-nji mart, 2014 ý.
Faina Taran iň soňky sapar ogluny telewizorda görüpdir.

20-nji fewralda 66 ýaşly Faina-da, beýleki ukrainalylar ýaly, telewizoryň öňünden aýrylmady. Ol telewizorda habarlara tomaşa edýärdi. Birdenem ekranda onuň 39 ýaşly aktiwist ogly Iwan peýda bolýar.

Iwanyň iki sany ýoldaşy atylyp öldürilýär. Onuň özi bolsa ýaralanýar. Iwan şonda ”Berkut” polisiýa gullukçylarynyň üstüne topulýardy. Ol soňra betonlaryň we polisiýanyň gorag galkanlarynyň arasynda ýitirim bolýar.

Ýa-da bu zatlaryň hemmesi Fainanyň gözüne göründimikä? Ertesi güni Iwanyň dosty Faina jaň edip, Iwanyň ýitirim bolandygyny, onuň ”Berkutyňkylaryň” eline düşendigini habar beripdir. Şondan bäri Iwany gören-eşiden adam ýok.

183 adam ýitdi

Wiktor Ýanukowiçiň wezipeden çetledilmeginden soň bir aý geçdi, ýewromeýdançylar henize çenli-de özleriniň demonstrasiýalarda ýitirim bolan dogan-garyndaşlaryny tapyp bilenoklar. Ukrainada bolup geçen bulam-bujarlyk we rewolýusiýa söweşinde 183 adam ýitirim boldy. Şonuň üçinem protest çärelerinde jemi näçe adamyň ölendigini takyk bilýän ýok. Ýitirim bolan adamlaryň nädip ýitenligi barada bolsa hiç kim hiç zat bilenok.

Fainanyň gorkusy hemmesinden beter. Ol öz oglunyň başyna nämeleriň gelendigini bilenok. Ol bu barada şeýle diýýär: “Onuň hatda mazary hem ýok. Kimdir biri aradan çyksa, siz ony jaýlarsyňyz. Şeýdip, gonamçylyga zyýarat eder durarsyňyz. Ýöne, ynha, men öz oglumyň nirededigini hem bilemok. Nämäni umyt etjegimem bilemok. Men näme etjegimi bilemok”.

Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdanynda çaknyşyklarda aradan çykanlaryň hatyrasyna goýlan güller, olary hatyralap ýazylan ýazgylar we suratlar bar. Olar meýdanda şöhlelenip dur. Ýöne dereksiz ýitenleriň hossarlarynyň uzaga çeken hasraty entegem dowam edýär. Skwerde ýitirim bolanlaryň suratlary şemalyň ugruna galgaýar.

Dereksiz ýitenleriň suratlarynyň hatarynda Iwan Taranyň hem suraty gussa bilen iki ýana galgaýar. Ýanukowiçiň wezipeden çetledilmegi bilen halkyň kalbynda dörän eýforiýa duýgusyny [(eýforiýa: ýagdaýa görä gelşiksiz gelýän şatlyk, keýpiköklük we göcgünli wagtyhoşluk)] gozgalaňda wepat bolanlaryň we dereksiz ýitenleriň sany basmarlaýar.

18-nji martda Ýewromeýdan Halas ediş topary gozgalaňda ölenleriň sany barada habar berdi we hasabata görä, 17 polisiýa işgäri bilen bir hatarda jemi 119 adam protest çäreleriniň dowamynda wepat bolupdyr.

Agzalýan topar, protest çäreleri başlaly bäri ýitirim bolan adamlaryň sanynyň 700-e ýetendigini hasaba alypdyr. Şolardan 183-si häli bu güne çenli-de tapylanok. Ýitirim bolanlar barada entegem habarlar gelip gowuşýar.

Nämälmlik myş-myş döredýär

Şeýle ýagdaýda, anyk faktlar ýüze çykmansoň, maýdançylaryň arasynda ýitenleriň başyna gelip biljek iň erbet zatlar barada myş-myşlar döräp başlaýar. Käbirleri Garaşsyzlyk meýdanynyň ýanyndaky “Söwda bileleişiginiň” binasynda bolan ýangynda köp adamyň ot alyp ölendigini aýdýarlar. Käbirleri bolsa aktiwistleriň tutulyp, ýenjilip, urlup öldürlendiklerini aýdýarlar.

Ýewromaýdanyň Halas ediş toparynyň agzasy, aktiwist Nazariý Boýarskiý dereksiz ýitenleriň ykbaly barada umytly. Ol ýanwar aýynda ýitirim bolan Dmitro Bulatowy mysal getirýär we şony hem köp adam “ölendir” diýip pikir edipdi, ýöne aradan sekiz gün geçensoň, ol urlup-ýenjilen halda tapyldy diýýär.

Adamlar, eger-de gündogarda we günortada çaknyşyklar güýjese, onda ýitirim boljaklaryň sany artar diýip howatyrlanýarlar. 16-njy martda Krymyň Katoliki kilisesi özüniň üç ruhanysynyň ýitendigini, soňra olaryň tapylandygyny habar berdi. Mundan başga-da bir krym tatarynyň jesedini tapypdyrlar. Onuň urlup-ýenjilmekden ýaňa ýüz-gözüni görer ýaly bolmandyr diýýärler.

Faina we onuň 18 ýaşly agtygy Nataşa öz Rowno welaýatyndaky öýlerinden çykyp, ýerli habar serişdeleriniň kanallaryna aýlanýarlar. Olar ýerli habar kanallaryna interwýu berip, häkimiýetlerden Iwanyň gözlegini güýçlendirmegi soraýarlar. Olar Iwanyň suratyny hem Kiýewiň merkezindäki Bildiriş tagtasynda asypdyrlar.

Häzirki wagtda Iwanyň üç çagasyna Faina seredýär. Iwanyň uly gyzy Nataliýa 18 ýaşynda, Oleksandr 15 ýaşynda we körpeleri Mariýa bolsa 12 ýaşynda.

Faina bu barada şeýle diýýär: “Men gije-gündiz ol diridir, ol gaýdyp geler diýip umyt edýärin. Maňa ony tapmaga kömek ederler diýip umyt edýärin. Men [näme etjegimi] bilemok”.
XS
SM
MD
LG