Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Obama internet liderleri bilen duşuşdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama alty sany ýokary tehnika kompaniýasynyň – şol sanda Feýbugyň we Guglyň başlyklary bilen duşuşdy.

Ak tamyň aýtmagyna görä, prezident Obama kompaniýalaryň başlyklary, şol sanda Feýsbugyň başlygy Mark Zakerberg bilen «aňtaw maglumatlary, tehnologiýa we hususy durmuş» meseleleri barada maslahat etdi.

Ak tam Obamanyň, gizlin gulluklaryň köpçülikleýin maglumat ýygnaýandygy belli bolandan soň, öz adminstrasiýasynyň aňtaw maglumatlaryny ýygnamak meselesinde reforma geçirýändigine ynandyrandygyny aýtdy.

Anna güni bolan duşuşykdan öň Zakerberg öz Feýsbuk sahypasynda Obama adminstransiýasyny gizlin içalyçylyk taktikalary üçin berk ýazgaryp çykyş edipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG