Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda 9 graždan öldürildi


«Talyban» jeňçileriniň hüjümi netijesinde, Kabulyň «Serena» hotelinde azyndan 9 adam, şol sanda dört aýal we iki çaga öldürildi.

Resmiler penşenbe güni agşam edilen hüžümde azyndan dört daşary ýurtlynyň - kanadaly, paragwaýly we bangladeşli raýatlaryň ölendigini aýtdy.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi dört sany «talyban» jeňçisiniň myhmanhana gizlinlikde aralaşyp, restoranda ot açmazlaryndaň öň bukulyp oturandyklaryny aýtdy.

Hüjümçiler howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi. Pidalaryň arasynda Fransiýanyň AFP habar gullugynyň reportýory Sardar Ahmad, onuň aýaly we olaryň üç çagasynyň ikisi hem bar.
XS
SM
MD
LG