Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko anneksiýa «erbet» diýdi


Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenko Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegi «erbet mysal» diýdi. Emma ol bu regionyň indi de fakto Orsýetiň bir bölegidigini aýtdy.

Şenbe güni Minskide žurnalistleriň Krymyň Orsýet tarapyndan anneksiýa edilmegini goldamazlygy baradaky soragyna jogap beren Lukaşenko: “Ykrar edildi ýa-da ykrar edilmedi, şu günki gün Krym Orsýetiň bir bölegi. Sen ony ykrar et ýa-da ykrar etme, emma munuň bilen hiç bir zat üýtgemez» diýdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin rus güýçleriniň geçen aý Krym topraklaryna rus dilli ilatyň hukuklaryny goramak üçin ýerleşdirilendigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG