Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ýemen: 20 esger öldürildi


Ýaragly adamyň Ýemeniň gündogaryndaky harby barlag nokadyna hüjüm etmegi netijesinde Ýemeniň azyndan 20 esgeri öldi. Bu wakada başga-da azyndan alty esger ýaralandy.

Ýurduň resmi “Saba” habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, hüjüm Hadramaut welaýatyndaky Reýda sebitiniň golaýynda bolup geçipdir.

Henize çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady. Emma Arap ýarym adasyndaky “Al-Kaýda” hereketiniň Ýemende güýçli pozisiýalarynyň bardygy aýdylýar. Bu topar hüjümi amala aşyrmakda güman edilýär.

2012-nji ýylda Ýemende birnäçe aý dowam eden giň göwrümli protestlerden soň, ýurduň prezidenti Ali Abdullah Saleh häkimiýetden çekilmäge mejbur edilipdi. Şondan bäri Ýemende goh-galmagal dowam edýär.
XS
SM
MD
LG