Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“G8”: Kreml sammitiň boýkoty netijesiz diýýär


Kreml “G8” sammitiniň Orsýetde geçirilmegine garşy çykyşyň “öňyn netije bermejegini” aýdýar.

“G7” liderleri eger Orsýet Ukrainany durnuksyzlandyrmagyny dowam etdirse onuň ykdysady sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz boljagyny aýtdy. Orsýetden başga “G7” ýurduň liderleri Orsýetiň Krymy anneksiýa edip, Ukrainadan bölüp almagyna protest bildirip, iýun aýynda Soçide geçirilmegi planlaşdyrylan “G8” sammitiniň ýerine öz sammitini geçirmek planlaryny duşenbe güni yglan etdiler.

Prezident Wladimir Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskow bu kararyň taraplaryň ikisine-de, hem Orsýete, hem-de “G7” ýurda zyýan ýetirjegini aýtdy. Peskow Orsýetiň “G8”-iň beýleki ýurtlary bilen gatnaşyklara henizem gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Orsýet 1998-nji ýylda dünýäniň senagat taýdan ösen demokratik döwletleriniň toparyna gireli bäri onuň ýokary derejeli ýyllyk duşuşyklaryndan ilkinji gezek çetleşdirilýär.
XS
SM
MD
LG