Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malaziýa: Erbet howa gözlege päsgel berýär


Sişenbe güni erbet howa we deňziň tolgunmagy malaziýaly ýiten uçaryň galyndylarynyň gözleginiň togtadylmagyna sebäp boldy. Uçarda bolan ýolagçylaryň onlarça garyndaşlary sişenbe güni Pekinde Malaziýanyň ilçihanasynyň öňünde polisiýa bilen çaknyşdylar we howa kompaniýasyndan hem Kuala Lumpurdaky hökümetden wakanyň sebäpleri barada düşündiriş talap etdiler.

Duşenbe güni Malaziýanyň premýer-ministri Najib Razak Malaziýanyň howa ýollarynyň MH370 uçarynyň Hindi okeanynyň günorta böleginde müňlerçe kilometr uzaklykda heläkçilige uçrandygyny aýtdy. Najib Razak radarlar arkaly anyklanan maglumatlara salgylandy.

Britaniýanyň “Inmarsat” atly satellit kompaniýasynyň wise-prezidenti Kris Maklauglin “Amerikanyň sesi” radiosy bilen söhbetdeşlikde malaziýaly ýiten uçaryň öz kompaniýasy tarapyndan nädip anyklanandygy barada gürrüň berdi: “Anyklanan iň soňky pozisiýa Hindi Okeanynyň günortasyna degişli, ol ýerde ne gury ýer, ne-de gonmaga ýer bar”.

239 adamly bu uçar 8-nji martda Kuala Lumpurdan Pekine ugramak üçin howa galanyndan bir sagat geçensoň graždan radar sistemasyndan ýitirim bolupdy.
XS
SM
MD
LG