Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina: Telewideniýa täze başlyk bellenildi


Ukrainanyň hökümeti Milli teleýaýlymlar bileleşigine täze ýolbaşçy belledi. Çarşenbe güni Ukrainanyň Ministrler kabinetiniň metbugat gullugy Zurab Alasanianyň ýurduň Milli teleýaýlymlar bileleşigini başlygydygyny mälim etdi.

Asly gürjüstanly Alasania ýurduň gündogaryndaky Harkow şäherinde ýerleşýän “MediaPort” atly onlaýn habar portalynyň esaslandyryjysydyr.

Mundan bir hepde ozal milletçi “Swoboda” partiýasynyň kanunçykaryjysy Ihor Miroşnyçenko we başga-da birnäçe adam Milli teleýaýlymlar bileleşiginiň şol wagtky hereket edýän ýolbaşçysy Oleksandr Panteleýmonowy wezipesinden çekilýändigi barada hat ýazmaga mejbur edipdi.

Onlaýn internetde çap edilen wideoda Panteleýmonowyň Miroşnyçenko we beýlekiler tarapyndan kellesine we ýüzüne urulýandygy hem-de onuň söz bilen kemsidilýändigi görkezilipdi. Olar Penteleýmonowy rus resmileri üçin işlemekde aýyplapdylar.
XS
SM
MD
LG