Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýa: Desgalaryň kontrollygy elimizde


Russiýanyň harby güýçleriniň başlygy general Waleriý Gerasimow Krymdaky 193 harby desganyň ählisiniň ýokarysynda rus baýdagynyň parlaýandygyny aýtdy.

Bu baradaky beýanat Russiýa tarapdary güýçler Ukrainanyň kontrollygyndaky soňky Krym harby gämisini ele salandan bir gün soň ýaýradyldy.

Krymyň öz-özüni ykrar eden resmileriniň sözlerine görä, ýarymada Russiýa tarapyndan anneksiýa edilenden soň, ukrainaly 15 müň töweregi harby gullukçysy rus hukuk goraýjy organlaryna işe geçmek üçin arza tabşyrypdyr.

Maglumatlara görä, ukrainaly 1 müň 500 töweregi harby gullukçy öz maşgalalary bilen esasy watany Ukraina dolanmaga taýýarlyk görýärler.
XS
SM
MD
LG