Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: IMF karzlary ylalaşyldy


Ukrainanyň premýer-ministriniň weziepesini ýerine ýetiriji Arseniý Ýatsenýuk parlamentde çykyş edýär. 27-nji mart, 2014 ý.
Ukrainanyň premýer-ministriniň weziepesini ýerine ýetiriji Arseniý Ýatsenýuk parlamentde çykyş edýär. 27-nji mart, 2014 ý.
Halkara walýuta fondy (IMF) ýiti maliýe kynçylygyna uçran Ukraina 14-18 milliard amerikan dollary aralygynda karz pul bermegi wada etdi.

Kiýewde iki hepde töweregi dowam eden gepleşiklerden soň, penşenbe güni Halkara walýuta fondy resmi beýanat ýaýradyp, onda bu ýurda “maliýe hemaýatyny bermek üçin ukrain tarapynyň jogapkär işgärleri derejesindäki aralyk ylalaşyklara gelnendigini” habar berdi.

Söz berlen maliýe kömegi hökümete garşy üç aý töweregi dowam eden protestlerden we Russiýanyň Krymy basyp almagyndan ejir çeken ukrain ykdysadyýetine goldaw berer.

Halkara walýuta fondy Ukrainanyň “soňky aýlarda bolup geçen ykdysady we syýasy çaýkanmalardan” soň häzir “käbir durnuklylygy gazanandygyny” belledi. Emma şol bir wagtda Walýuta fondy Kiýewiň “agyr meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny ” hem nygtady.

Ukrainan hökümetiniň ýurtda durmuşa geçirmegi boýnuna alan reformalaryna baglanyp berilýän bu karz, geljekki iki ýylyň dowamynda mundan başga-da, umumy möçberi 27 milliard dollara barabar bolan käbir beýleki halkara maliýe goldawlaryna hem ýol açyp biler.

Häzirki gelnen deslapky ylalaşygy ýakyn geljekde Halkara walýuta fondunyň Dolandyryjy edarasy tassyklamaly bolar. Munuň aprel aýynda boljakdygy çaklanylýar.

Ukrain ykdysadyýeti

Waşingtonda Ak tam ylalaşygy gowy garşylap, muny “Ukrainanyň hökümetini halkara jemgyýetçiliginiň goldaýandygyna güýçli yşarat” hökmünde häsiýetlendirdi.

Ukrainanyň premýer-ministriniň weziepesini ýerine ýetiriji Arseniý Ýatsenýuk penşenbe güni çykyş edip, eger-de IMF karzy tassyklamasa, onda ýurduň dolanyşykdaky içerki önümiň 10%-e çenli aşak gaçyp biljekdigini, munuň netijesinde-de döwletiň defolta uçramagynyň mümkindigini duýdurdy.

Parlamentde eden çykyşynda ol şu ýylky inflýasiýanyň derejesiniň 12-14% aralygynda boljakdygyny aýtdy.

Ukriananyň Russiýa bilen Krymyň üstündäki dawasy ýurduň ykdysadyýetine has-da köp zyýan ýetirmegi mümkin.

Ýatsenýuk 1-nji aprelden başlap, rus gazy üçin tölegleriň 79% galýandygyny we gazyň her 1,000 m3 üçin Ukrainanyň mundan beýläk Orsýete 480 amerikan dollaryny tölemeli boljakdygyny aýtdy.

Moskwa Kiýewiň gaz üpjünçiligi üçin ýene-de 10 milliard dollar töweregi bergisiniň hem bardygyny aýdýar.

Ýatsenýuk “Ukrainanyň ykdysady we maliýe çökgünliginiň öňünde durandygyny” aýtdy
XS
SM
MD
LG