Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Rus raketasy ýere düşdi


Gazak resmileri Günbatar Gazagystan oblastyndaky obanyň golaýynda Russiýanyň meteorologik raketasynyň ýere düşendigini habar berýärler.

Anna güni Gazagystanyň Goranmak ministrligi raketanyň bir gün ozal Şungaý obasynyň golaýynda ýere düşendigini yglan etdi.

Raketanyň galyndylarynyň obadan bir kilometrden hem az daşlykda tapyldy diýilýän maglumatlara garamazdan, wakada ýitgileriň bolmandygy aýdylýar. Şeýle-de, gazak resmileri daşky-gurşawa hem hiç hili zyýanyň ýetmändigini habar berýärler.

“MN-300” kysymly raketa Russiýanyň Astrahan oblastynyň Kapustin Ýardaky harby bazasyndan uçurylypdy we bu barada gazak resmileri öňünden habarly edilipdi.
XS
SM
MD
LG