Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenko Ýanukowiçi tankytlaýar


Ukrainanyň prezidentlige kandidaty we ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko işden çetleşdirilen prezident Wiktor Ýanukowiçiň Ukrainanyň her bir regionynyň durumy barada referendum geçirmek gerek diýen beýanatyny ret etdi.

Timoşenko anna güni eger bu beýanat hakykatdanam Ýanukowiç tarapyndan edilen bolsa, bu onuň «Ukraina we ukrain halkyna garşy söweşiň bir guralyna öwrülendigine» subutnama diýdi.

Timoşenko Ýanukowiçiň separatizme, Ukraina goşun ýerleşdirilmegine, kanuny hökümeti agdarmaga çagyrmagy we beýleki kanun bozmalary üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilmelidigini aýtdy.

Ýanukowiçiň beýanatynda referenduma çagyrylýardy hem-de Ukrainanyň häzirki häkimiýetleriniň kanuny däldigi, ýurtdaky ýagdaýyň bolsa «anarhiýa» barabardygy aýdylýardy.
XS
SM
MD
LG