Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hassa bolmazdan burun"


Türkmenistan, hassahana palatasy. 20-nji sentýabr, 2013.
Türkmenistan, hassahana palatasy. 20-nji sentýabr, 2013.
Türkmenistan 1-30-njy aprel aralygynda «Saglyk we Bagt» şygary astynda köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş, jemgyýetçilik-medeni çärelerini geçirýär. Ýöne ýurtda saglyk aladalarynyň azalmaýandygy aýdylýar.

Ozaly ýurtda ýokary hünärli, işini gowy bilýän medisina işgärleriniň ýiti ýetmezçilik edýändigi, şol bir wagtda daşary ýurtlarda bilim alan ýaş doktorlaryň işe ýerleşmegine emeli kynçylyklaryň döredilýändigi aýdylýar.

Türkmenistanda uly saglyk desgalarynyň gurulýandygyna, olarda döwrebap medisina enjamlarynyň oturdylandygyna garamazdan, keseli ýalňyş kesgitlenen ýa derdine derman tapmadyk raýatlaryň Eýran, Türkiýe, Orsýet, Hindistan ýaly ýurtlara «saglyk turizmine» gitmeginiň azalmaýandygy barada hem habarlar gowuşýar.

Eýsem Türkmenistanda saglygy saklaýyş, medisina hyzmaty nähili kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar? Ol kynçylyklary aradan aýyrmak üçin nämeler edilse gowy bolar?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar.

Söhbete gatnaşyp, pikirleriňizi aýtmak üçin aşakdaky forumda teswir galdyryp bilersiňiz. Bize şu adres: hat@azatradio.org boýunça hem ýüzlenip bilersiňiz.

Pikirleriňize garaşýarys!
XS
SM
MD
LG