Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda sport aýy geçiriler


Türkmenistan 1-30-njy aprel aralygynda «Saglyk we Bagt» şygary astynda köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş, jemgyýetçilik-medeni çärelerini geçirýär.

Bu çäräniň Bütindünýä Saglyk gününiň hormatyna bagyşlanyp geçirilýändigi habar berilýär.

Türkmen döwlet habarlar gullugy, hökümet başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýewe salgylanyp, aprelde ýurtdaky iş ýerleriniň we okuw jaýlarynyň ählisinde irden önümçilik maşklarynyň geçiriljegini habar berýär.

Mundanam başga, 1-nji aprelde obalarda we şäherlerde, etraplarda we welaýat merkezlerinde, Aşgabatda köpçülikleýin ylgaw ýörişi guralar. 7-nji apreдde bolsa, köpçülikleýin tigir sürüşlik geçiriler.

Sport aýynyň programmasyna ýaşlaryň, studentleriň we mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli sport ýaryşlaryny geçirmek, pudak, welaýat, şäher komandalarynyň özara bäsleşigi hem girýär.

Şeýle-de 3-5-nji aprel aralygynda «Aşgabat – Aziada- 2017-niň paýtagty» atly serginiň gurnaljagy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG