Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan diplomaty Moldowa gelýär


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça kömekçisi Wiktoriýa Nuland ýekşenbe güni Moldowa sapar edýär.

Nuland Kişinewde Moldowanyň prezidenti Nikolaý Timofti we premýer-ministr Iuriýe Leanke bilen duşuşmaly.

Bu duşuşyk NATO-nyň ýokary komandiri Orsýetiň Krymy anneksiýa etmekden soňky nyşanasynyň kiçijik ýewropa ýurdy bolmagynyň ahmaldygyny duýduranyndan soň bolup geçýär.

Geçen hepde NATO-nyň ýokary harby resmisi, ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň generaly Filip Bridlow Orsýetiň indi ukrain serhedinden aşyp, Transdinestri eýelemeginiň ähtimaldygyny duýdurypdy.

Esasan rus dilinde gepleýän Transdinestr 1990-njy ýylda, Moldowanyň goňşy Rumyniýa bilen gaýtadan birikmeginden howatyr edip, Kişinýowdan garaşsyzlygyny yglan edipdi.

Bu iki tarap 1992-nji ýylda gysga urşa hem girdi we bu uruş Transdinestr tarapyndan Orsýetiň goşunlarynyň ara goşulmagy bilen tamamlandy.

Orsýetiň Transdinestrde şindi hem 1400 çemesi esgeri bar.
XS
SM
MD
LG