Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Owganystan: Martda ABŞ-nyň harby ýitgisi bolmady


Pentagon mart aýynda Owganystanda Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň hataryndan hiç bir gullukçynyň ölmändigini habar berýär. Bu 2007-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Owganystanda amerikan harbylarynyň ölüm-ýitgisi bolman geçen ilkinji aýdyr.

Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky güýçleriniň sany azaldylandan we olaryň uruşlardaky roly pese gaçandan soň, ýurtda amerikan ýitgileriniň sany hem azaldy.

Häzirki wagt Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky harbylary owgan güýçlerini türgenleşdirmäge we olara maslahat bermäge üns berýärler.

Pentagonyň maglumatlaryna görä, häzirki wagt Owganystanda Birleşen Ştatlaryň 33 müň çemesi harbysy bar. Bu san 2011-nji ýylda takmynan 100 müňe barabardy.
XS
SM
MD
LG