Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

​Kabul: Hüjümde alty adam öldi


Owgan resmileri Içeri işler ministrliginiň öňünde janyndan geçen hüjümçiniň özüni partladandygyny habar berýärler. Çarşenbe güni Kabulda bolan bu wakada azyndan alty polisiýa ofiseri öldi.

Owganystanyň 5-nji aprelde geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň soňky kampaniýa günlerine gabatlap amala aşyrylan bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, janyndan geçen hüjümçi ministrligiň esasy girelgesinde özüni partladan mahaly harby eşiginde eken. Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň bu girelgesi berk goraglar bilen üpjün edilendir.

“Talyban” hereketi ýurtda şenbe güni geçiriljek prezidentlik we welaýat geňeş saýlawlaryny bulaşdyrjakdygyna wada berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG