Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurdow: Hazar gepleşikleri uruşdan has gowy


Hazar deňzinde Kaşagan offşor nebit ýatagy, 2013.
Hazar deňzinde Kaşagan offşor nebit ýatagy, 2013.
1-2-nji aprelde Aşgabatda Hazar deňziniň statusyny kesgitlemek meselesi maslahat edilýär. Hazaryň kanuny statusyny kesgitleýji konwensiýany işläp düzmek boýunça 1996-njy ýylda hazarýaka döwletleri tarapyndan döredilen ýörite işçi topar häzir 36-njy sapar duşuşýar. Aslyýetinde Hazar deňziniň durumynyň kesgitlenmegi çözüp boljak meselemi?

Aktual gurrüň atly gepleşigimiziň nobatdaky sanynda biz bu sowala jogap tapmaga synanyşarys. Azatlyk Radiosy Moskwada ýerleşýän Orsýetiň strategik barlaglar institutynyň regional meseleler boýunça bilermeni, syýasaty öwreniji Aždar Gurdow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aždar Aşyrowiç, Hazar deňziniň statusynyň kesgitsizligi çözgüdi uzaga çeken halkara problemalarynyň biri bolup galýar. Siziň pikiriňizçe, eýsem bu çözüp boljak meselemi?

Aždar Gurdow: Umuman aýdylanda, kiçi ädimler bilen bolsa-da, Hazar deňzi bilen bagly ýagdaý özgerýär. Bu, esasan, ekologiýa bilen bagly käbir ylalaşyklara, balykçylyk bilen bagly aýrybaşga dokumentlere degişli bolýar. Ýöne Hazar deňziniň kanuny statusyna degişli mesele öňden bäri çözülmän galýar. Ýurtlaryň meselä garaýşyna degişli düýpli gapma-garşylyklar saklanyp galýar. Häzirki duşuşykda hem meseläniň cözüljegine garaşyp bolmaýar. Sebäbi garaýyşlar çürt-kesik tapawutlanýar. Häzirki wagtda Eýranyň, Türkmenistanyň we beýleki üç hazarýaka döwletleriň pozisiýalarynyň arasynda ýakynlyk göze ilmeýär. Ýakynlygyň emele gelmegi üçin hem esas döremedi.

Azatlyk Radiosy: Bu problema başda nädip döredi?

Aždar Gurdow: Problema 1990-njy ýyllaryň başynda ýüze çykdy. Sowet Soýuzy dargansoň deňizýaka döwletleriň sany artyp, bäş sany serhetdeş ýurt emele geldi. Emma olar ne öňden bar bolan ylalaşyklara eýerdi, ne-de täze ylalaşyga gelip bildi. Şondan bäri ýurtlar bar bolan ylalaşyklary berjaý etmegiň ähmiýetini formal taýdan nygtaýan hem bolsalar, iş ýüzünde ylalaşyklary berjaý etmeýärler. Üstesine, käbir ýurtlar, hususan-da Azerbaýjan we Gazagystan, halkara kanunlaryna ters gelýän käbir içerki kanunlary kabul edýärler.

Azatlyk Radiosy: Şeýle kanunlardan mysal getirip bilermisiňiz?

Aždar Gurdow: Meselem, 1995-nji ýylda Azerbaýjanyň kabul eden konstitusiýasynda Hazar deňzinde Azerbaýjana degişli bölegiň bardygy we onuň Azerbaýjan döwletiniň garamagyndadygy aýdyldy. Emma Hazar deňzinde haýsy-da bolsa bir ýurda degişli bolan bölekler ýok. Sebäbi bu deňiz seýrek we içerki suw howdany hasaplanýar. Bu ýerde sektor diýlip görkezilýän bölekler ýuridiki taýdan sektor diýlip hasaplanyp bilmeýär. Hawa, käbir bölekler bar, emma olar her bir döwletiň islegine görä däl-de, halkara kanunlaryna görä kesgitlenmeli. Şeýlelikde deňziň islendik böleginiň haýsy-da bolsa bir döwletiň ýuridiki taýdan garamagynda diýlip kesgitlenmegi halkara kanunlaryna düýpden ters gelýär.

Deňiz giňişliklerinde milli kanunlaryň täsiriniň astyna düşýän territoriýalar bar, olar kenarýaka ýa-da territorial suwlar diýlip atlandyrylýar. Adatça, bu giňişlikler kenardan 6-12 deňiz mili bilen kesgitlenýär, onlarça ýa-da ýüzlerçe kilometrlik diýmek bolsa kada laýyk gelmeýär. Bu mysal, meselem, Azerbaýjanyň dalaş edýän giňişligine onuň kanuny taýdan hakynyň ýokdugyny görkezýär. Ine, şeýle ýagdaýlar ýurtlaryň arasyndaky bähbitleriň arasynda çaknyşygyň emele gelmegine sebäp bolýar.

Azatlyk Radiosy: Hazarýaka döwletleriň Hazar deňzi boýunça hereketlerini kesgitleýän nähili kanun bar?

Aždar Gurdow: Dokumentleriň biri 1940-njy ýylda gol çekilen ylalaşyk. Şondan bäri diňe çäkli görnüşli dokumentler kabul edildi. Meselem, hazarýaka döwletleriň Tähranda geçirilen sammitinde Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça çäkli konwensiýa kabul edildi. Emma Hazar deňziniň kanuny statusynyň hiç bolmanda esasy taraplaryny kesgitleýji dokument henize çenli kabul edilenok.

Azatlyk Radiosy: Hazar deňziniň statusynyň kesgitlenmegine näme päsgel berýär?

Aždar Gurdow: Muňa döwletleriň milli egoizmi päsgel berýär. Hazarýaka döwletleriň ençemesiniň birtaraplaýyn tertipde ýagdaýdan özleri üçin has bähbitli peýdalanmak, şol bir wagtda-da bu suw howdanynyň abat saklanmagynyň jogapkärçiligini bolsa öz üstüne almazlyk bilen bagly islegleri päsgel berýär. Mesele barada gürrüň etsek, 1990-njy ýyllarda hazar regionynda emele gelen döwletler uly maliýe kynçyklyklar bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Şonda maliýe ýagdaýy uglewodorod serişdeleriniň eksporty, şol sanda Hazar deňzinde ýerleşýän ýangyç serişdeleriniň eksporty arkaly gowulandyrmak ugrunda hereket edilip başlandy. Şeýle ýagdaýda döwletleriň maliýe girdejilerini artdyrmak ugrunda çykyş edýän güýçleriň täsiri Hazar bilen bagly beýleki meselelerden has agramly boldy we nebit-gaz önümçiligini ýola goýmak maksady bilen köp zada, şol sanda halkara kanunlara göz ýumuldy. Gynansak-da, bu syýasat şu günki güne çenli dowam edip gelýär.

Azatlyk Radiosy: Käbir hazarýaka döwletleri, has takygy Orsýet, Gazagystan we Azerbaýjan deňizde nebit-gaz önümçiligine degişli özara ylalaşyklary baglaşypdylar. Bu ylalaşyklar barada näme diýip bolar?

Aždar Gurdow: Aslyýetinde bu ylalaşyklar separatistik häsiýete eýe bolan dokumentler. Sebäbi olara ikitaraplaýyn esasda gelindi. Hazarýaka döwletleri – bäş sany, deňze degişli ylalaşyklaryň aşagynda hem bäş döwletiň goly bolmaly. Agzalýan ýurtlar bolsa [kanuny çözgütleriň daşyndan] aýlanyp, has aňsat ýoldan gitdiler. Orsýet Gazagystan bilen özara ylalaşyk baglaşdy, Orsýet Azerbaýjan bilen ylalaşyk baglaşdy we Gazagyatan Azerbaýjan bilen özara serhetleriň birleşýän ýeri barada ylalaşyk baglaşdy.

Şol bir wagtda-da uglewodorod serişdeli ýataklaryň bölünmegine gezek gelende, kynçylyklar döräpdi. Meselem, Orsýet bilen Gazagystanyň arasynda problemalar ýüze çykypdy, sebäbi döwletleriň arasyndaky serhetlerde nebit-gaz ýataklary bardy. Bu döwletler meseläni bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly çözmäge synanyşdylar. Emma senagat taýdan özleşdirmek işleri başlananda, geologiýa taýdan edilen çaklamalaryň iş ýüzünde tassyklanmadyk ýagdaýlary hem ýüze çykdy. Ýagny, Orsýetiň we Gazagystanyň arasynda ylalaşyk esasynda başlanan önümçilik işleriniň netijesinde [burawlanan] ýataklardan nebit çykmansoň, çözgüdi talap edýän ýene bir meseläniň döremegine sebäp bolan ýagdaýlar ýüze çykdy.

Azatlyk Radiosy: Hazar regionynda syýasy ýagdaý barada aýdylanda, meseläniň çözgüdine täsir ýetirmäge ukyply syýasy güýçler barmy?

Aždar Gurdow: Bu zatlaryň ählisi çaklamalar. Elbetde, Orsýetiň we Gazagystanyň kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň agzasydygyny, beýlekileriň bolsa gurama girmeýändigini bellemek, Orsýetiň we Eýranyň özara geosyýasy bileleşik döretmäge ukyplydygyny bellemek mümkin. Emma bu zatlaryň ählisi spekulýatiw häsiýete eýe bolan çaklamalar, sebäbi Hazar deňzi bilen bagly problema muňa garaşly däl.

Esasy problema döwletleriň ykdysady bähbitleri bilen bagly. Howpsuzlyk meseleleri bolsa belli bir derejede çözülýär. Gol goýlan memorandumlar bar. Memorandum taraplaryň borçlaryny kesgitlemek üçin ýuridiki taýdan doly güýjündäki dokument bolman, propagandistik häsiýetli bir dokument bolsa-da, ýurtlar şeýle dokumente gol çekip, hazarýaka regiona degişli bolmadyk hiç bir döwletiň Hazar deňzinde öz harby-deňiz flotuna eýe bolup bilmeýändigini jar etdiler. Bu düzgün häzir ýerine ýetirilýär.

Azatlyk Radiosy: Aždar Aşyrowiç, Hazar deňziniň kanuny statusyny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işlerde Türkmenistan nähili rol oýnaýar?

Aždar Gurdow: Türkmenistan bu ýerde-de uly aktiwlik görkezmeýär diýse bolar. Üstesine, Türkmenistanyň Hazar deňziniň bölünişigine degişli dawasy bar. Türkmenistan Gazagystan, Azerbaýjan we Eýran bilen Hazar deňzindäki territoriýalaryň serhetlerini kesgitlemek boýunça hiç bir ylalaşyga gol goýmady. Türkmenistanyň Hazardaky esasy dawaly meselesi Azerbaýjan bilen serhetdäki nebit-gaz ýataklarynyň bölünişigine degişli. Ýurtlar bu barada 15 ýyla golaý wagt bäri ylalaşyp bilmän gelýärler. Bu ýurtlaryň ylalaşmagyna tarap ädimler, edilýän tekliplere garamazdan, henize çenli göze ilmeýär. Türkmenistan bu dawadan, meniň pikrimçe biraz zyýan çekýär, sebäbi Azerbaýjan Hazar deňzindäki ýataklary özleşdirmek üçin halkara kärhanalaryň ençemesi bilen gol çekip, deňizde iş alyp barýar. Türkmenistan hem Hazardaky ýataklary özleşdirmekde halkara kompaniýalar bilen işleşýär, emma öz nebit-gaz önümçiliginiň möçberini Azerbaýjanyň derejesine ýetirip bilenok.

Azatlyk Radiosy: Hazar deňzinde häzirki wagtda alnyp barylýan uglewodorod serişdeleriniň onümçiligi bar bolan kanunlara näderejede gabat gelýär?

Aždar Gurdow: Bu örän gyzykly mesele. Önümçilik bar bolan ylalaşyklara laýyk gelmeýär, emma şol bir wagtda-da kanunlara ters hem gelmeýär. Sebäbi Hazar boýunça ylalaşyklar baryp Pýotr Birinjiniň döwründen bäri Orsýet imperiýasynyň we Pars döwletiniň arasynda baglaşylyp gelindi. Ozalky ýyllarda Hazar deňzinde nebit-gaz önümçiligi asla bolmansoň, bu mesele Hazara degişli ilkinji ylalaşyklarda we yz ýany sowet döwründe baglaşylan ylalaşyklarda göz öňünde tutulmandyr. Şonuň üçin bu meseläniň täze kanunda, ýagny Hazar deňziniň kanuny statusy barada indi baglaşylmaly konwensiýada kesgitlenmegine garaşylýar.

Azatlyk Radiosy: Hazar deňzine degişli ylalaşyklar barada aýdylanda şu günki güne çenli öz ýuridiki güýjüni saklaýan nähili dokumentler bar?

Aždar Gurdow: Ilkinji ylalaşyk 1723-nji ýylda baglaşylypdy, iň soňkusy bolsa 1940-njy ýylda. Bu yalaşyklarda görkezilen düzgünleriň berjaý edilmelidigine soňky ýyllarda ýurtlaryň arasynda gol çekilen käbir dokumentlerde salgy berilýär. Meselem, Hazar deňzine degişli öňki kanunlaryň berjaý edilmeginiň zerurdygy GDA guramasyny döretmek barada 1991-nji ýylyň dekabr aýynda Almatada kabul edilen deklarasiýada göz öňünde tutulýar.

Azatlyk Radiosy: Hazar deňziniň statusynyň kesgitsizligi kim üçin bähbitli? Bu ýagdaýda kimdir biriniň bähbidi barada aýtmak mümkinmi?

Aždar Gurdow: Bu spekulýatiw bir mesele, ýagny çen-çak. Bir tarapdan, dogrudanam, döwletleriň arasyndaky dawalaryň kimdir biri üçin bähbitlidigi barada pikirler orta atylýar. Onuň belli bir derejede şeýle bolmagy-da mümkin. Emma başga bir tarapdan, meniň pikirimçe, mesele öňki sowet döwletleriniň köpüsiniň islendik problemanyň çözgüdine ol ýa beýleki awtoritar lideriň islegine görä çemeleşmän, diplomatik tejribeleriň esasynda we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna doly göz ýetirmeýändigi bilen bagly. Hut şu sebäpden-de regiona degişli meseleler ýakyn wagtda doly çözüler diýip garaşyp bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Soňky 20 ýyla golaý döwrüň dowamynda Hazar deňziniň statusyny kesgitlemek ugrunda ýokary derejeli duşuşyklaryň ençemesi geçirildi, meseläni çözmek boýunça ýörite hökümetara işçi topar döredildi. Bu topar Agabatda häzir 36-njy gezek duşuşýar? Hazaryň statusyny kesgitlemek işinde siz haýsy-da bolsa bir öňegidişlik görýärmisiňiz?

Aždar Gurdow: Bu topar döredileli bäri ep-esli wagt geçdi. Käte uly we aýylganç uruşlaram has gysga wagtda ylalaşyk esasynda tamamlanýar. Bu ýerde bolsa çylşyrymly bolsa-da, çözüp boljak bir mesele boýunça [uzak wagtlap] ylalaşyp bilmän gelýärler. Şol bir wagtda-da, yzy üzülmeýän bu duşuşyklaryň, gepleşikleriň häzirki formaty öz netijesizligini görkezdi diýip hem bolmaýar. Nähili-de bolsa, käbir aýry-aýry meselelerde çözgüde tarap ädim ädilýär. Üstesine, şeýle gepleşiklere başga nähili alternatiwa bar? Hazar deňzinde kim güýçli bolsa, şonuň diýeni geçjek boljak bolsa, onda regionda harby dartgynlylygyň güýçlenmegi ähtimal, her kim öz güýjüni görkezmek islär. Elbetde, bu hiç kim üçin-de kabul ederlikli ýol däl. Şonuň üçin, gepleşikler agyr geçýän hem bolsa, ol her halda taraplaryň haçan-da bolsa bir wagt barlyşyga gelip biljekdigine umyt döredýär.
XS
SM
MD
LG