Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ýewropa ýardam berjegini aýdýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Orsýetiň Ukraina üçin gazyň bahasyny artdyrmagyny tankyt etdi.

Kerri Brýusselde ÝB-niň we ABŞ-nyň Energiýa geňeşiniň maslahatynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda kada laýyk energiýa üpjünçiliginiň Ýewropa we ABŞ üçin iňňän wajypdygyny aýtdy.

Kerri hiç bir ýurduň energiýany syýasy maksatlar üçin ulanmagyna ýol berilmeli däldigini belledi: “Bu dogrudanam şeýle – hiç bir ýurt energiýany adamlary burça gabamak üçin ulanmaly däl. Bu ýarag hökmünde ulanylmaly däl. Kadaly energiýa üpjünçiligine eýe bolmaklyk biziň ählimiz üçin bähbitlidir, bu ykdysadyýetlerimiz üçin, howpsuzlygymyz üçin we adamlaryň abadançylygy üçin zerurdyr”.

Ýewropa we Ukraina üçin ýardam

Jon Kerriniň aýtmagyna görä, ABŞ Ýewropanyň energiýa zerurlyklary meselesinde ýardam bermäge taýýar. Şeýle-de, Kerri energiýa çeşmeleriniň köpugurly bolmagynyň her bir ýurt üçin wajypdygyny we hiç bir ýurduň “energiýanyň ýeke çeşmesine garaşly” bolmaly däldigini belledi.

Kerri Ukrainadaky ýagdaýa ünsi çekip, Ukrainanyň tebigy gaz bilen üpjünçiligi üçin alternatiw ýoluň gözleginde iş alnyp barylýandygyny aýtdy: “Biz Ukraina Polşadan we Wengriýadan tebigy gazy getirmegiň we Slowakiýanyň üstünden ýol açmagyň ugrunda işleýäris. Ukraina bu işe öz goşandyny goşmaga çalyşýar”.

Kerri Ukrainanyň meseläniň özüne degişli bölegini ýerine ýetirýändigini aýtmak bilen, onuň energiýa boýunça ýeňillikleri azaltmak hem ýurduň energiýa bazaryny bäsdeşlige has ukyply etmek arkaly Halkara Walýuta Fondunyň öňündäki borçlaryny berjaý etmäge çalyşýandygyny belledi.

Alternatiw çeşme

Kerri “Günorta koridoryň” Ýewropany gaz bilen üpjün etmekde has uly rol oýnap biljekdigini aýtdy. Azerbaýjan we Türkiýe “Trans-Anadoly” gazgeçiriji proýektine gatnaşýar. Bu gazgeçiriji arklay netijede Ýewropa ýylda 60 milliard kubometr gaz akdyrmak planlaşdyrylýar. Bu gazgeçirijä Gazagystanyň we Türkmenistanyň hem goşulmagyna garaşylýar.

Merkezi Aziýanyň bu iki ýurdy häzirki wagtda Baku-Tbilisi-Jeýhan gazgeçirijisine nebit akdyrýarlar. Bu nebit Ýewropanyň bazarlarynda satylýar.

Şeýle-de, Kerri Atlantik okeanynyň iki tarapynda gazy suwuklandyrýan zawodlaryň gurluşygyny agzady we slanes gazynyň eskportyny amala aşyrmak üçin ýedi sany amerikan kompaniýasyna täze lisenziýanyň berlendigini aýtdy.

Kerry bu eksportyň 2015-nji ýylda başlanjakdygyny belledi.

Kerri Ýewropanyň energiýa problemasynyň çözgüdi üçin trans-atlantik hyzmatdaşlygynyň güýçlenmeginiň zerurdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG