Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Pakistan: Talyban ok atyşlygy aprele çenli durdurýar


Pakistanyň “Talyban” hereketi mart aýy boýunça ok atyşlygy bes etmek baradaky kararynyň möhletini uzaldýandygyny aýtdy. Olar tussaglary boşadyp, goşuny yzyna çekmegi üçin hökümete wagt bermek maksady bilen bu karara gelendiklerini aýdýarlar.

“Tehrik-e Talyban” toparynyň metbugat wekili Şahidullah Şahidiniň sözlerine görä, ok atyşlyk aprel aýynyň 10-ne çenli uzaldylar. Toparyň bu çykyşy hökümetiň asly günorta weziristanly 16 tire-taýpa agzasyny tussaglykdan boşatmagyndan bir gün soň boldy.

“Tehrik-e Talyban” topary hökümet tarapyndan tussaglykda saklanylýan takmynan 800 tussagyň boşadylmagyny üpjün etmäge synanyşýar.

Pakistanyň hökümeti 2007-nji ýylda söweşijiler tarapyndan başladylan gozgalaňlaryň soňuna ýetmek maksady bilen fewral aýynda “Tehrik-e Talyban” topary bilen gepleşiklere başlapdy.
XS
SM
MD
LG